Italiýanyň “Milan” topary düzümindäki ýyldyz oýunçysy Zlatan Ibrahimowiç bilen şertnamasyny uzaltdy. Şwesiýaly hüjümçi ýene-de 1 ýyllap, has takygy, 2021-nji ýylyň iýunyna çenli “Milanyň” köýnekçesini geýer. Geçen gyşda “Milana” transfer bolan 38 ýaşly Ibrahimowiç 20 oýunda 11 gol geçiripdi. Zlatan Ibrahimowiç 2010–2012-nji ýyllarda-da 2 möwsüm “Milanda” çykyş edip, jemi 85 duşuşykda 56 gezek tapawutlanypdy.