Kinolary, seriýallary, oýunlary we beýleki güýmenjeleri hödürleýän “Netflix” platformasynyň müşderilere hödürleýän oýunlarynyň sany ýylyň ahyryna çenli ellä golaýlar. Häzirki wagtda platformada 18 oýun bar. Kino we seriýal pudagynyň öňdebaryjy kompaniýasyna öwrülen “Netflix” oýun pudagyna hem aralaşýar. Häzirki wagtda haýsy oýunlaryň hödürlenjekdigi mälim edilmedi. Kompaniýa häzirki wagtda diňe mobil oýunlary hödürleýär. Emma geljekde has başgaça oýunlaryň hem peýda bolmagyna garaşylýar. Soňky ýyllarda dürli enjamlar arkaly oýnalýan oýunlara gyzyklanmanyň artagy, şereketleriň hem ünsüni çekýär.

Çynar Rahmanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby