Finl­ýan­di­ýa­nyň «Ver­ge Mo­torcycles» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan «Ver­ge TS Pro» mo­to­sik­li yz­ky ti­gi­rin­de oku­nyň we si­mi­niň ýok­du­gy, şeý­le hem çalt zar­ýad al­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şu ýyl köp­çü­li­ge hö­dür­le­nen «Ver­ge»-niň 137 at güý­jü­ne eýe bolan bu mo­de­li bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 300 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär. 100 km/sag tiz­li­ge ba­ry-ýo­gy 3,5 se­kunt­da ýet­ýän iki ti­gir­li ula­ga «Do­nut Lab» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nan «Do­nut Mo­tor 2.0» elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­si otur­dy­lyp­dyr. Mo­to­sikl­de 20,2 kWt/sag ba­ta­re­ýa bo­lup, 35 mi­nut­da do­lu­ly­gy­na zar­ýad al­ýar.
Elekt­ro­mo­to­sikl­de zyn­jyr, ýan­gyç we ýag bar­ýan ul­gam ýok. Ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si gö­nü­den-gö­ni yz­ky tig­re bir­leş­ýär we elekt­ro­mag­nit güý­ji ar­ka­ly mo­to­sik­li he­re­ke­te ge­tir­ýär.
«EICMA 2025» ser­gi­sin­de gör­ke­zi­len bu mo­to­sik­le­tiň köp­çü­lik­le­ýin sa­tu­wy şu ýyl baş­lan­dy. Mo­to­sik­liň tä­ze nes­li mo­to­sikl ýa­ryş­la­ry­ny gu­raý­jy­lar­da we sü­rü­ji­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär.