Tozan bölejikleri ýa-da mikroblar burunda gyjyndyrma döredeninde bedenimizde garşylykly täsir hökmünde asgyrma peýda bolýar. Asgyrylanda diňe burun däl, eýsem, göz hem awtomatik ýagdaýda işe girýär. Ýagny göz öz-özünden ýumulýar. Eýsem, näme üçin asgyranymyzda gözümiz ýumulýarka?!
Asgyrylanda gözümiziň ýumulmagy beýniniň awtomatik jogabydyr. Adatça, bu ýagdaýa köp üns berilmeýän hem bolsa, alymlar munuň birnäçe sebäbini belläp geçýärler. Göz myşsasy we gabaklar beýniden gelýän signalyň bir bölegi hökmünde hereket edýär. Netijede bolsa, gözi zyýanly bölejiklerden we ýokary basyşly howa akymyndan goramak üçin gabaklar öz-özünden ýapylýar.
Näme üçin asgyrýarys?
Asgyrmak adaty zat ýaly görünse-de, bedeniň gorag mehanizminiň bir bölegidir. Adamlar diňe ýaramaz ys alanda, burç ysganda, sowuk howada, sergin şemal öwsende däl, kähalatda salkyn ýerden ýyly ýere çykanda hem asgyrýarlar. Garaňky ýerden ýagty ýere çykylanda hem asgyrylýan wagty bolýar. Adatça, asgyrmak adamda biygtyýar ýagdaýda bolup geçýär. Biygtyýar ýagdaýda bolup geçýän asgyrma burundaky damarlaryň gyjynmagy netijesinde ýüze çykýar. Asgyrmazdan ozal burundaky damarlar beýnä habar ýollaýar. Şonuň netijesinde beýnimiz kelledäki we boýundaky ses damarlaryny birden dartýar. Soňra bolsa içimizden batly howa gelip asgyrýarys. Şeýle ýagdaýda burundaky tozan bölejikleri we mikroblar hem daşary çykýar. Şol sebäpli asgyran wagtymyz elýaglyk bilen agzymyzy ýapmagy unutmaly däldiris. Ýöne agzymyzy doly ýapyp asgyrmak hem saglyk üçin zyýanlydyr. Içimizden gelýän howany dolulygyna daşary çykarmaly.
Alymlar ýagtylyga ýa-da yssy ýere çykylanda asgyrmagyň göz bilen baglydygyny belleýärler. Adamyň gözüniň bäbenegi ýagty ýere çykanda kiçelýär. Bu ýagdaýda göze iň ýakyn bolan burundaky damarlar gyjynýar we adam asgyryp goýberýär. Geçirilen barlaglarda adamlaryň 15-25 göteriminiň Güne çykanda yzly-yzyna 4-5 gezek asgyrýandygy ýüze çykarylypdyr.
Alymlar asgyrmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny belleýärler. Howadaky haýsydyr bir tozan bölejigi, derlän wagtyň salkyn şemalyň çalmagy ýa-da sowuk howa hem asgyrmaga sebäp bolýar. Şeýle hem alymlar asgyran wagtyň gözüň ýumulýandygyny, ony açyk tutmagyň mümkin däldigini belleýärler. Köp adam asgyrylan wagty ýüregiň örän gysga wagtlyk durýandygyna ynanýar. Emma munuň dogry däldigi bellenilýär. Adam asgyran wagty burnundan çykýan damjalar sagatda 160 kilometr tizlik bilen hereket edýär we 8 metr aralyga gidýär.
PDF









