Hytaý bilen Şweýsariýa iki ýurduň arasyndaky bazarlara elýeterliligi giňeltmek, özara maýa goýumlaryny ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen, Erkin söwda ylalaşygyny täzelemek baradaky degişli teswirnama gol çekdiler.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň habar bermegine görä, resminama harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny, şeýle hem maýa goýumlaryny liberallaşdyrmak boýunça ýokary standartly borçnamalary öz içine alýar. Şunuň bilen birlikde, täzelenen ylalaşyk harytlaryň gelip çykyşynyň düzgünlerini, söwdany ýeňilleşdirmegi, söwdadaky tehniki päsgelçilikleri, sanly söwdany, bäsdeşlik şertlerini hem-de durnukly ösüş meselelerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Edaranyň wekiliniň bellemegine görä, bu resminama ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara has berk institusional goldaw berýär hem-de taraplaryň açyk hyzmatdaşlyga, erkin söwda we düzgünlere esaslanýan köptaraplaýyn söwda ulgamyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda Şweýsariýa Hytaýyň Ýewropadaky ýedinji iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar, Hytaý bolsa Şweýsariýanyň Aziýa sebitindäki iň uly söwda hyzmatdaşydyr. Soňky bäş ýylyň dowamynda taraplaryň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygy ortaça 50 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. 2026-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça bu görkeziji 89 milliard dollar möçberine ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 127 göterim artdy.
Ýatladyp geçsek, Hytaý bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ilkinji Erkin söwda ylalaşygyna 2013-nji ýylda gol çekilip, ol 2014-nji ýylyň iýul aýynda güýje girizilipdi. Resminamany kämilleşdirmek boýunça gepleşikler 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanyp, bäş tapgyry öz içine aldy we 2026-njy ýylyň awgustynda üstünlikli tamamlandy. Maglumatlara görä, teswirnama gol çekilenden soňra taraplar degişli içerki hukuk taýdan tassyklamak çärelerini çaltlandyrmak we täzelenen ylalaşygy iň gysga möhletde güýje girizmek boýunça ylalaşdylar.