16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döwletimiz dürli köptaraplaýyn formatlaryň işine işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 11—14-nji fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we tizleşdirmek, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti we bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy hereketler, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary ýaly esasy alty mesele boýunça halkara ähmiýetli çäreler geçirildi.
Sammitiň işine dünýäniň 120-den gowrak döwletinden, 80-den gowrak halkara guramadan, iri kompaniýalardan wekiller gatnaşdylar. Bu forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň halkara derejede öňe süren başlangyçlaryndan ugur alnyp, ählumumy çemeleşmeler esasynda amala aşyrylmagy teklip edilýän üç mesele barada çykyş edildi.
Şeýlelikde, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek teklip edildi. Munuň özi 2016-njy ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatda badalga berlen “Aşgabat prosesiniň” amaly taýdan dowamy bolar. Bu teklip ulag ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, açyk maglumat binýadynyň we seljermeleriň esasynda özara ylalaşykly hereketleri işläp düzmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek teklip edildi. Onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy wezipesi hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryň bölünmezligini we özara baglanyşygyny goldaýan taraplaryň meýdançasyny emele getirmekden ybaratdyr.
Üçünji teklip durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny sirkulýar ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnama döredilende, 4 sany esasy ugra daýanmak meýilleşdirilýär. Olar bitewi standart görkezijilerini we hasabatlylygy ýöretmekden, aýratyn wajyp tebigy serişdeler babatda halkara derejede hyzmatdaşlyk etmekden, Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýetiň tilsimatlarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmekden, mümkinçilikleri artdyrmakdan we tejribe alyşmakdan ybaratdyr.
Ýokarda agzalan teklipleri halkara derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem sammitiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO) Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda senagat, gurluşyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş saparynyň dowamynda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al Jaber, Abu-Dabiniň Geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) baş ýerine ýetiriji direktory Muhammet Jamil Al Ramahi, Dubaýyň Elektrik we suw üpjünçilik departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.