Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de Al-Ma­ha Ra­şid Al-Meý­ri at­ly üç ýaş­ly gyz­ja­gaz «Gül» we «Ba­la­ry» at­ly ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen iki po­wes­ti­ni ne­şir et­di­rip, ta­ryh­da iň ýaş ýa­zy­jy bol­dy. Onuň bir gün­de her iki ki­ta­by­nyň müňden gow­rak nus­ga­sy­ sa­tylyp, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da yk­rar edi­len dün­ýä­niň iň ýaş ýa­zy­jy­sy bol­dy.
Al-Ma­ha­nyň he­ka­ýa­la­ra we su­rat çek­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen fan­ta­zi­ýa žan­ryn­daky he­ka­ýa­la­ry ýaz­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Al-Ma­ha öz he­ka­ýa­la­ry ar­ka­ly oky­jy­la­ra daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýe­tir­mä­ge sy­na­nyş­ýar.
– Ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Du­baý­da ge­çi­ri­len COP28 kon­fe­ren­si­ýa­sy­na gat­na­şa­ny­myz­da, Al-Ma­ha­nyň daş­ky gur­şaw te­ma­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly he­ka­ýa­la­ry dö­ret­mek pi­kir­le­ri­niň bar­dy­gy­ny bi­lip gal­dym. Mas­la­ha­ta gat­na­şa­ny­myz­dan soň, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ne we ça­ga­la­ra bu me­se­le ba­ra­da bi­lim ber­me­giň ze­rur­dy­gy­na dü­şün­dik. Al-Ma­ha oka­mak en­dik­le­ri­niň ýaş­lyk­dan ös­dü­ri­lip bi­lin­jek­di­gi­ni su­but edip, özü­niň ba­şar­ny­gy we hö­we­si bi­len bi­zi haý­ran gal­dyr­ýar – di­ýip, Al-Ma­ha­nyň eje­si gürrüň berdi.
Hä­zir­ki wagt­da Al-Ma­ha­nyň uly gyz do­ga­ny iki dil­de ki­tap ne­şir et­mek bo­ýun­ça gyz­la­ryň ara­syn­da iň ýaş ýa­zy­jy, aga­sy bol­sa er­kek­le­riň ara­syn­da iň ýaş ýa­zy­jy­dyr. Ça­ga­la­ryň eje­si­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň do­gan­la­ry Al-Ma­ha­nyň hem ýaz­ma­ga bo­lan hö­we­si­ni oýa­ryp­dyr­lar. Eje­le­ri ça­ga­la­ryň ze­hi­ni­ni ýü­ze çy­kar­ma­gyň, ola­ry ter­bi­ýe­le­me­giň we jem­gy­ýe­tiň öz üs­tü­ne jo­gap­kär­çi­li­gi alyp bil­jek iş­jeň ag­za­la­ry bo­lup bil­mek­le­ri üçin öz­le­ri­ne bo­lan yna­myny art­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­ýar.