Häzirki wagtda dünýäde sportuň ýüzlerçe görnüşi bolup, olaryň hersiniň janköýeri bar. Sport bilen meşgullanmak, sport ýaryşlaryna tomaşa etmek adamlaryň irki döwürlerden bäri esasy pişeleriniň biridir. Sportuň käbir görnüşini islendik ýerde geçirip bolýar. Sportuň käbir görnüşi bolsa howanyň ýagdaýyna baglylykda guralýar. Şeýle sport görnüşleriniň biri bolan bobsleý sportuň gyşky görnüşleriniň toparyna girýär.
Ilkibaşda uly metal çanakda buz bilen örtülen aýlawly ýodadan aşak süýşmek arkaly geçirilen sportuň bu görnüşi 1890-njy ýyllarda Şweýsariýada döreýär. 1924-nji ýylda gyşky Olimpiýa oýunlary esaslandyrylanyndan bäri, maksatnamada bar bolan bobsleý ýaryşlary ýekeleýin, jübütleýin, 4 türgenli we garyşyk jübütleýin görnüşde geçirilýär. Kiçijik tigirçekli gozagyň içinde uzyn oturgyç bolup, dolandyryjy we el bilen togtadyjy bilen enjamlaşdyrylan. Türgenler gozagy itekläp, bat alandan soň, çaltlyk bilen onuň içine münýärler. Ýokardan aşaklygyna gaýdýan, çylşyrymly öwrümleri bolan ýodada geçirilýän bobsleý ýaryşynyň dowamynda adatça 1 müň 500 metr ýol geçilýär. Dört adamlyk gyşky sport ulagynyň sagatdaky tizligi 160 kilometre çenli baryp ýetýär.
Bobsleýiň taryhy
Monreallylar (Kanada) 1870-nji ýyllarda kellesine ýüňden örülen topby geýip, tobogganda (öňi egrelip duran typançak tagta) tagtasynda buzda typypdyrlar. Bu ilkinji bobsleý diýlip aýdylýan hem bolsa, bobsleýi döreden şweýsariýalylardyr. 1897-nji ýylda Şweýsariýanyň Sankt-Moris şäherinde ilkinji bobsleý kluby döredilýär. 1914-nji ýylda Ýewropanyň birnäçe ýurdunda 100-den gowrak dag şypahana lyža we bobsleý okuwlary açylýar. Bobsleý 1924-nji ýylda geçirilen ilkinji gyşky Olimpiýa oýunlaryna sportuň özboluşly görnüşi hökmünde girizilýär. Şol ýyl şweýsariýalylaryň ýokary netije görkezendigine garamazdan, 1950-nji ýyllarda kanadaly bobsleýçiler halkara derejesinde bäsleşip başlaýarlar. Bobsleýiň halkara derejesi 80-nji ýyllaryň ortalarynda has-da ýokarlanyp, 1988-nji ýylda geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda 11 million dollarlyk ýörite bobsleý ýoly gurulýar. 1990-njy ýylda Germaniýanyň Winterberg şäherinde bobsleý boýunça geçirilen halkara Olimpiýa ýaryşyna ilkinji gezek zenanlar gatnaşdyrylýar. Ýaryşa Ýewropadan we Demirgazyk Amerikadan birnäçe zenan türgen gelip, Halkara Olimpiýa komiteti gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna resmi däl ýagdaýda zenanlaryň gatnaşmagyna rugsat berýär.
Bobsleýde esasy öwrülişik 2014-nji ýylda bolup geçýär. Şol ýyl Halkara bobsleý we skeleton federasiýasy (IBSF) bobsleýde zenanlaryň (dört adamlyk) erkekler bilen deň derejede gatnaşmagyna rugsat berýär. Halkara bobsleý we skeleton federasiýasy 1923-nji ýylyň 23-nji noýabrynda esaslandyrylyp, onuň merkezi edarasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýär.
Bobsleý ilkibaşda sportuň 2 we 4 türgeniň arasynda geçirilýän görnüşi diýlip tassyklanan hem bolsa, 2016-njy ýylda «monobob» görnüşi goşulýar. «Monobobda» her topardan 1 türgen gatnaşyp, gozagy ýeke özi itekleýär, sürýär we dolandyrýar. Bobsleýiň «monobob» görnüşinde türgenler sagatda 120 kilometr ýol geçýärler. Bobsleýde ilkinji 50 metr türgenler üçin ýaryşyň möhüm bölegi bolup, şol aralykdaky tizlik türgeniň çempion bolup-bolmajagyny kesgitläp bilýär. Bobsleý ýaryşlarynda, esasan hem, germaniýaly, şweýsariýaly, amerikaly, kanadaly türgenler öňdäki orunlary eýeleýärler.