Ýaponiýanyň «Suzuki» kompaniýasynyň hünärmenleriniň 1981-nji ýylda işläp taýýarlan «Omnichord» (omnikord) atly saz guralynyň täzeçil görnüşi köpçülige ýetirildi. Dünýäniň iň täsin saz gurallarynyň biri bolan omnikordda 80-nji ýyllaryň sazlaryny ýadyňa salýan 108 tona çenli arfa sesi bar. Elektron saz guralynyň düwmeleri kompýuteriň klawiaturasyna meňzeş bolup, barmaklaryň bilen basyp çalmaly. Saz guralyň sag böleginde ses gataldyjy bolup, çep tarapynda akkord, ýagny sesi sazlamak üçin düwmeler ýerleşýär. Üstümizdäki ýylyň iýun aýynda bu saz guralynyň köpçülikleýin satuwy başlanar. Saz guraly sagat batareýasy hem-de zarýad berilýän batareýa bilen hem işleýär. Saz guralynda ösen programma üpjünçiligi bolup, telefona ýa-da noutbuga simsiz birikdirip bolýar.
Tehnologiýa babatda ösen döwre görä işlenip taýýarlanan saz guraly saz çalmaga höwes edýän çagalar we ýetginjekler üçin oňaýlydyr. Saz çalmaga ýaňy başlanlar bu saz guralynda deprek ritmlerini, käbir akkordlary ýerine ýetirip hem-de sazdaky heňlere goşulyp, saz çalmagy öwrenip bilerler. «Omnichord» elektron saz guralynda arfanyň, pianinonyň, depregiň, gitaranyň sesleri bar.