Şu ýylyň 6-9-njy iýun aralygynda Ýewropa Parlamentine saýlawlar geçiriler. Bileleşigiň raýatlary öz ýurtlarynyň wekillerini saýlarlar. Ses berişlik 6-njy iýunda Niderlandlarda, 7-nji iýunda Irlandiýada başlar. Latwiýa, Malta we Slowakiýa bu saýlawlara 8-nji iýunda gatnaşar we beýleki ýurtlarda 9-njy iýunda meýilleşdirilýär. Çehiýada we Italiýada ses berlişik yzygiderli iki günüň dowamynda geçiriler.
Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginde iýun aýynda geçiriljek parlament saýlawlaryna çynlakaý taýýarlyk görülýär. Umumy kontinental ses berlişikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasy saýlanar. Bu, agza ýurtlaryň birnäçesinde demografiki üýtgeşmeleri göz öňünde tutmak zerurlygy sebäpli häzirki 705 orundan köpdür.
Saýlawlar dört günüň dowamynda her bäş ýylda bir gezek geçirilýär we dünýädäki iň uly transmilli ses berişlik hasaplanýar. Dürli milletlerden bolan 400 milliondan gowrak ses bermäge hukugy bolan saýlawçy Ýewropa Parlamentindäki öz syýasy wekillerini saýlamaga çagyryldy.
Kanun çykaryjylaryň täzelenmegi dürli özgerişlere sebäp bolar. Golaýda fon der Lýaýen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hökmünde ikinji bäş ýyllyk möhlete dalaş etmekçidigini tassyklady. Mişeliň Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesinde galmagy kanuny taýdan gadagan edilýär, sebäbi bu wezipe yzly-yzyna iki möhlet bilen 2,5 ýyl bilen çäklendirilýär.
2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen öňki saýlawlarda umumy ses berişlik 50,66% bolup, 2014-nji ýyldaky ses berişlikden ep-esli köpdür. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurt bar. Ýewropa Parlamentine geçiriljek saýlawlar 1979-njy ýylda geçirilen ilkinji göni saýlawdan bäri 10-njy we Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykanyndan bäri geçiriljek ilkinji saýlawlar bolar. “Brexit”-iň netijesinde 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Korollygyň wekiliýetiniň 27 orny beýleki ýurtlaryň arasynda paýlandy.