Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetdi. Sebitiň we onuň çäginde saklanyp galan iri ýadygärlikleriň taryhyny düýpli öwrenmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2022-nji ýylda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda, köp müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi sözüň doly manysynda taryhy wakadyr.
Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza özboluşly sowgat boldy.
Şeýle hem bu gymmatly eseriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasynyň öň ýanynda çapdan çykmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak babatda başyny başlan işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Şol gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýadygärligiň bu döwre degişli medeni gatlaklarynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem ýüze çykaryldy» diýip bellenýär.
Arkadagly Serdarymyzyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan kitaby taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişini dabaralandyrýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynyň diňe bir ýurdumyzyň ylmy-edebi hazynasynda däl-de, dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasynda orun aljakdygyny ynamly aýdyp bolar.
Ogulbagt GULOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.