Beýleki birnäçe ýurduň kanunynda bolşy ýaly, Ýaponiýada hem durmuşa çykan zenanlar ýanýoldaşynyň familiýasyna geçmeli. Ýurtda häzirki wagtda Sato familiýasy has köp gabat gelýär. Bu ýurtda birnäçe ýyldan bäri çaga dogluşy hem azalýar. Ýurduň Tohoku uniwersitetiniň bilermenleriň geçiren barlagyna görä, ýene-de 500 ýylda ýaponlaryň ählisi Sato familiýasyny götermeli bolarlar. Alymlar bu hasaplamany matematiki modelirleme esasynda geçiripdirler. Häzirki wagtda ýurduň ilatynyň 1,5 göteriminiň familiýasy Sato. Hünärmenler Sato maşgala adynyň ýene bäş asyrdan beýleki ähli familiýalary gysyp çykarjakdygyny çaklaýarlar. Eger-de ýurduň kanunçylygyna üýtgeşmeler girizilip, zenanlar gyz familiýasynda saklamaga rugsat berilmese, bu ýurduň ilatynyň ählisi Sato familiýaly bolar. Netijede, hem, olaryň ýa atlaryny tutmaly, ýa-da olary belgilemeli bolar diýip, Tohoku uniwersitetiniň professory Hirosi Ýesida aýdýar.
Şeýle-de bolsa soňky ýyllarda käbir ýurtda aýal-gyzlara berilýän hukuklary artdyrmak we gender deňligini ýola goýmak üçin zenanlara durmuşa çykandan soňra gyzlyk familiýasyny saklamaga ýa-da ýanýoldaşynyň familiýasy bilen bile ulanmaga kanun taýdan mümkinçilik döretdi.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.