Beýik Britaniýanyň paýtagtynda geçirilen 44-nji London marafonynda zenanlaryň arasynda dünýä rekordy täzelendi. Olimpiýa çempiony, keniýaly Peres Jepçirçir 2 sagat 16 minut 16 sekuntda pellehana gelip, dünýä rekordynyň täze eýesi boldy. Geçen ýyl bu ýerde 2-nji ýeri eýelän Peres watandaşy Meri Keitaniniň 2017-nji ýylda Londonda goýan rekordyny 45 sekunt ösdürmegi başardy. Ýaryşda efiopiýaly Tigst Assefa 2-nji, keniýaly Joýsilin Jepkosgei 3-nji ýeri eýeledi.

6 uly marafonyň biri bolan London marafon ylgawynda erkekleriň arasynda-da keniýaly türgen – Aleksander Mutiso ýeňiş gazanyp, ol 2 sagat 4 minut 01 sekuntda pellehana geldi. Efiopiýaly meşhur türgen Kenenisa Bekele ýeňijiden 14 sekunt gijä galyp, 2017-nji ýyldan soň ýene-de 2-nji orna mynasyp boldy. Ýer eýelerinden Emil Kairess 3-nji orny eýeledi.