175 ýurda wekilçilik edýän gepleşikler gatnaşyjylar Ottawada ýygnanyp, ummanlaryň we howanyň plastik bilen hapalanmaga garşy göreş boýunça global şertnamany baglaşmaga gönükdirilen gepleşiklere başladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda plastik bilen hapalanma dag gerişlerinden başlap, ummanlaryň jümmüşine çenli, planetamyzyň ähli künjegine, hatda, adamzadyň biologik çäklerine hem aralaşyp ugrady.
-Biz plastik bilen hapalanmakdan azat bolan geljegi gurmak üçin zerur çäreleri we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze şertnamany baglaşmagy maksat edinýäris – diýip, BMG-niň howandarlygynda geçirilen gepleşiklere ýolbaşçylyk eden Luis Waldiwieso aýtdy.
2022-nji ýylda global gerimde plastik bilen hapalanmaga garşy göreş boýunça anyk çäreleri göz öňünde tutýan borçnamalar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli doly işlenip düzüler. Emma hakyky işler indi başlandy. Ottawadaky häzirki maslahat aýratyn ähmiýete eýe bolup, şu ýylyň ahyrynda Koreýa Respublikasynda meýilleşdirilýän gepleşikleriň jemleýji tapgyryndan öň guralýar.
Halkara şertnamanyň baglaşylmagynyň zerurlygy barada giňişleýin ylalaşyga garamazdan, 2040-njy ýyla çenli plastik önümçiliginiň 75 göterim azaldylmagy barada çykyş edýän daşky gurşawy goraýjylar nebit çykarýan ýurtlar we plastmassa senagatyna eýe bolan ýurtlar bilen dürli gapma-garşylyga duçar bolýarlar.
Soňky iki onýyllygyň dowamynda ýyllyk plastmassa önümçiligi iki esse artyp, 460 million tonna ýetdi. Çaklamalara görä, geljek 20 ýylyň içinde onuň üç esse artmagyna garaşylýar. Emma ummanlaryň we howanyň plastik bilen hetdenaşa hapalanmagy çynlakaý netijelere getirip biler.