Türkmen karateçileri Samarkantda tamamlanan karate boýunça Merkezi Aziýanyň 9-njy çempionatynda (WKF) 33 medal (6 altyn, 7 kümüş we 20 bürünç) medal gazandylar.
Üç günläp dowam eden ýaryşa Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 800-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar dürli agram derejelerinde kata we kumite boýunça güýç synanyşdylar.
74 türgenden ybarat milli ýygyndy toparymyz baýrakly üçünji orny eýeledi. Öňdäki iki orna bolsa Gazagystanyň (39 altyn, 30 kümüş we 47 bürünç medal) we Özbegistanyň (22 altyn, 29 kümüş we 58 bürünç medal) toparlary mynasyp boldular.
Şu aýyň başynda Ürgençde karate boýunça geçirilen ilkinji halkara ýaryşda (WKF) «UZBEKISTAN OPEN 2024» ildeşlerimiz 23 medal (5 altyn, 5 kümüş we 13 bürünç) gazanypdylar.
Türkmen karateçilerini bu iki halkara ýaryşa milli ýygyndy toparymyzyň tälimçileri Aýdyň Çaryýew bilen Igor Rahymow taýýarladylar.
Çeşme: «Türkmen sporty» gazeti