“Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýlişi ýaly, Ýer ýüzünde her günde örän gyzykly wakalar bolup geçýär. Dünýäde maý aýy hem şeýle wakalara baý boldy. Ine olaryň käbiri:
Käwagty gazetdir-žurnalda ýa-da telewizorda Pikasso, Da Winçi ýaly belli suratkeşleriň çeken käbir kartinalaryny göreniňde “Mun-a menem çekip bilerin” diýeniňi duýman galýarsyň. Dürli reňkli, köp adam üçin düşnüksiz şeýle suratlar bolsa auksion arkaly millionlarça dollara satylýar. Germaniýada ýaşaýan iki ýaşlyja oglanjygyň çekýän suratlaryna-da düşünýän ýok. Şeýle-de bolsa, Laurent Şwarz atly körpejäniň çeken suratlary birnäçe müň ýewrodan satyn alynýar. Eýýäm “Kiçi Pikasso” diýip at alan çagajygyň ene-atasy Liza we Filipp Şwarzlar ogullarynyň surat çekmegi üçin ussahana gurup beripdirler.
Çagajygyň ejesi körpe suratkeşiň haýwanlary, esasan hem, pilleri, dinozawrlary we atlary halaýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, çagajyk açyk reňkleri halaýar, goňur we beýleki goýy reňkler bilen gyzyklanmaýar. Laurentiň eden işlerini we taýýarlan eserlerini görkezmek üçin açan “Instagram” akkaundyndaky yzarlaýjylaryň sany eýýäm 30 müňden geçipdir. Ilkibaşda olaryň suratlary satmak barada pikir ýok eken, emma gyzyklanmanyň uludygy sebäpli suratlary satyp başlapdyrlar. Aprel aýynda Mýunhende geçirilen “ART MUC”-da sergisine gatnaşandan soňra körpe suratkeşiň eserlerine gyzyklanma has-da artypdyr. Bu ýerde onuň eserlerini daşary ýurtlardan gelen myhmanlar satyn alypdyrlar. Şwarz mundan soňra Nýu-Ýorkdaky sergä gatnaşmak isleýär. Bu eserlerinden alynýan pul bolsa, 18 ýaşyna çenli alnyp bilinmejek bank hasabyna geçirilýär.
33 ýyldan bäri ýaşaýan ýurdunyň raýaty däldigini bilip galdy
Awstraliýaly Glenn Koh täzelikleri okap otyrka, başga bir ýurduň raýatlygyny alandygy sebäpli Awstraliýanyň raýatlygyndan çykarylan we şol sebäpli kösenýän biri baradaky habaryň üstünden bardy. Bu kanun 2002-nji ýylda güýjüni ýitiren eken. Koh bu habary okandan soňra özüniň hem raýatlygynyň ýok bolup biljekdigi barada pikir etdi. Sebäbi Kohuň asly irland bolandygy üçin 1991-nji ýylda Islandiýanyň raýatlygyny alan eken. Ol degişli edaralar ýüz tutanynda çyndanam raýatlygynyň ýokdugyny bilip galdy. Soňra bolsa resmi edaralara ýüz tutup raýatlygyny dikeldipdir.
Yssy sebäpli suw ogurlap başlady
Soňky günlerde dünýäniň köp ýerinde aşa yssy howa höküm sürýär. Malaýziýa hem şeýle ýerleriň hataryna girýär. Bu yssy howa ýurduň Sabah welaýatyndaky Sandakan şäherindäki Sepilok Orangutan sagaldyş merkezindäki “Boogie” atly orangutanyň ýüregine düşüpdir. Şeýle bolansoň ol golaýdaky kafeniň sowadyjysyndan sowuk içimlikleri çilip başlapdyr. Merkeziň ýolbaşçylary mundan ozal hem orangutanlaryň iýmit we içimlik alýandygyny aýdýarlar.
Ýaltalaryň ýaryşy
Birnäçe ýyldan bäri Montenegroda “kim köp ýatmaşak” ýaryşy geçirilýär. Şuňa meňzeş bäsleşik Koreýada hem bar. Ýaryşyň ýeke-täk şerti hiç zat etmezlik. Şeýle bolansoň uklamak hem gadagan. Gatnaşyjylar açyk meýdanda ýoga düşekçeleriniň üstünde hiç zat etmän oturmaly. Uklan ýa-da hereket eden ýaryşdan çykarylýar. Soňuna çenli oturan ýeňiji bolýar. Guraýjylar 2014-nji ýyldan bäri geçirilýän ýaryşa gatnaşýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny belleýärler. Bu täsin ýaryş “hiç zat etmezligiň wagt ýitirmek däldigini görkezmek” üçin geçirilýär. Halkara bäsleşigiň bu ýylky ýeňijisi çilili Walentina Wilçes boldy. Psiholog-maslahatçy bolup işleýän Walentina käwagt hiç zat etmezligiň adamyň ruh saglygy üçin peýdaly bolup biljekdigini aýdýar.
Eli gijedi, pul düşdi
Käbir adam eli gijeýän bolsa bir ýerden garaşylmadyk ýagdaýda pul geljekdigine ýa-da aýagy gijesi bir ýere gitjekdigine yrym edýär. Bu düşünjäni ylmy taýdan subut etmek mümkin däl, şol sebäpli oňa ynanyp barýanam ýok. ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatynda ýaşaýan bir zenan hem eli gijändigi sebäpli pul düşüp biljekdigine ynanyp lotoreýa satyn alypdyr. Bagtyny synap gören aýal 30 müň dollar utupdyr.