Eziz Diýarymyzda tebigaty goramak ugrunda ýetilen sepgitler, bitirilen işler örän uludyr. Tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini üpjün etmek hem şu günki gün esasy wezipe bolup, şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen ýüzlenip, esasy ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz çäreler barada şulary maslahat berýär:
Tokaýlarda, seýilgählerde, daglarda, öri sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarydyr pürlerini howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpunyň döremezligi üçin şahalary kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamlary bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýynyň elmydama gurat bolmagy gözegçilikde saklanmaly. Işledilýän tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ot söndüriş enjamlary bilen üpjün edip, başga maksatlar üçin ulanmazdan abat ýagdaýda saklanmaly. Çäklerde çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklyklary siňen esgileri taşlap gitmek, guran haşal otlary ýakmak, doly söndürilmedik otluçöp, çilim galyndylaryny taşlamak howpludyr. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmaly. Şeýle-de, çüýşe gaplaryny galdyrmak hem howpludyr, sebäbi bu ýagdaý Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi netijesinde ýangynyň döremegine getirer. Çäklerde kebşirleme işlerini geçirmäge rugsady bolan adamlar, bu işleriň geçiriljek ýerlerini ot-çöplerden arassalap, uçgunlar daş-töwerege ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda dözümli diwary gurup, el ujunda ot söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli. Işler tamamlanandan soň, birnäçe wagtlap gözegçilik edip, oduň tutaşmagyna sebäp bolup biljek uçgunlaryň galmandygyna göz ýetirilenden soň, işlenen ýerden gitmeli. Çäklerde guralýan wagtlaýyn göçme öýlerde elektrik geçirijileriň birikýän ýerlerinde döräp biljek uçgunlaryň öňüni alýan ýörite örtgüler ulanmaly. Wagon-öýleriň içinde emeli usulda ýasalan elektrik enjamlaryny ulanmak talabalaýyk däldir. Wagtlaýyn oturdylan gaz enjamlaryna birikdirilýän gazly ballonlar wagon öýüniň daş ýüzünde, demirden gurnalan ýörite gutularyň içinde oturdylmaly.
Hormatly ildeşler! Biziň hemmämiz Watanymyzyň gözel, baý tebigatynyň, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris. Çünki, munuň özi, geljekde ýurdumyzyň ösümlik köpdürlüligini gorap saklamaga, ony ösüp gelýän nesillerimize miras galdyrmaga ýardam eder.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.