Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana döredijiliginde gurluşy, aňladýan manylary we grammatik düzümleri babatda biri-birinden düýpli tapawutlanýan taryhy, edebi hem-de jemgyýetçilik gymmatlyklarynda işjeň ulanylýan, durmuş hadysalarynyň häsiýetlendirilişinde peýdalanylýan söz toparlarynyň sanlar bilen baglanyşykly göwherleriniň onlarça görnüşleri duş gelýär. Dünýä edebiýatynyň poeziýa žanry arkaly medeni, ylmy, ahlak, watançylyk, gözellik, tebigat, folklor bilen bagly gymmatlyklar, mukaddeslikler bilen kämilleşmegine uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän sanlaryň tebigaty bilen bagly matematiki adalgalary, arifmetiki we ykdysadyýet bilen bagly çeper beýanlaryny dil biliminiň morfologik, semantik ugurlary boýunça mukdar, tertip, ýönekeý, bölünmeýän, syrly, bütin, natural, täk, sada, goşma, tirkeş, galyndysyz, jübüt, çen-takmyn, garşydaş, bölek, ähtimallyga golaý, garşylykly, durnukly, alynma … ýaly uzynlyk, göwrüm, wagt, agyrlyk, meýdan möçberlerini umumy, takyk görnüşlerde aňladýan toparlara, ulgamlara, nusgalara, mysallara we leksik birliklere bölmek bolýar. Sanlaryň edebi dildäki, jemgyýetdäki we ýazuw medeniýetindäki keşplerini, ornuny hem-de gadymy hindi, arap, ýunan, hytaý, pars, urdu, oguz, türki ylmy medeniýetinde ady rowaýata öwrülen sanlaryň gurşaw, salgylanma, deňeşdirme çözgütlerini, amallaryny, hakykatlaryny, güýjüni, ähmiýetini, mazmunyny we hilini öwrenmäge uly badalga berýän ussadyň şygryýet dünýäsinde matematika ylmyna degişli bolan sanlar dünýäsiniň togsandan gowrak görnüşleri duş gelýär. Medeniýetleriň, dilleriň we ylmyň bitewi üstünliklere beslenmegi üçin uly taryhy hyzmatlary bitiren Magtymguly Pyragynyň eserlerinde duş gelýän farsah (6 kilometre golaý uzaklyk), erenler, jöw (mysgalyň 1/96 bölegi), jüre, zerre, azym, neýsan, mizan, hazan, kurur (million), gije-gündiz, säher, enbiýalar, magryp, maşryk, akybet (san ýetmeýän ululyk), garyn (36 ýyl), gäwi (6 mil), gez (tirsekden barmagyň ujuna çenli bolan uzynlyk ölçegi), remezan, harman, tiri (Gündogar edebiýatynda her ýylyň 21-nji iýunyndan 21-nji iýuly aralygyny aňladýan ýörgünli çeper aňlatma), eýýam, menzil, şejerler, samad… ýaly sözleriň asyl kökleri, umumy hem-de köplük sypatlary sanlar bilen berk baglanyşyklydyr. Akyldar şahyryň lirikasynda sanlaryň ulanyş ýygylygy, dowamly gaýtalanyş alamatlary boýunça dürli hasaplaryň, algebra bölüminiň amallarynyň, halky, dogry, dürs usullardaky birlikleri, gündogar medeniýetiniň ölçegleri, ululyklary ilkinji orunda durýar. Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde sanlaryň goruny we tilsimlerini sapar, güýç, mertlik, ynam, ykbal, maksadaokgunlylyk, kerem, nygmat, netijelilik, gadyrdanlyk, mistiki we mifiki paýhasyň düwlen bogunlarynyň çözgüdiniň jogaplary ýaly täze edebi tejribeler, filosofik nazarlar, akyl ýetirişiň ezber, üşükli gözýetimleri arkaly çeper baýlaşdyrmagy başarypdyr. Akyldar şahyryň «Batdy ýaranlar», «Ynsan ugraşsa», «Ýaşyl zümmerret», «Golda bary bolmasa», «Bilmezmiň», «Eýýamy tört», «Zarlar içinde», «Kaýda sen», «Habar ber-beýledir», «Sil galmaz», «Ýeldim tut», «Aýyň ýagşysyn», «Mübtela kyldy», «Jeň sesin aňsa», «Duman peýda», «Huşdan aýryldy», «Çowdur han», «Pyragy», «Göze myhmandyr», «Joşa ýetdiň», «Bili bolmasa», «Zor bolar», «Gözel Şirgazy», «Turgul diýdiler», «Bu dünýä», «Ýaşy nädendir», «Galar ýaranlar», «Joş gelse» ýaly liriki gazallaryny we birnäçe aýdyşyk goşgularyny dürli sanlaryň çeper teswirlenilişiniň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Hikmetli setirleri ynsan kalbyna melhem berýän aryfyň goşgularynda jadyly, hikmetli togsan (on sany dokuzlyk), kyrk (dört sany onluk) we ýigrimi bir ýaly sanlar hem uly orny eýeleýär. Söz dürleriniň nakgaşy, halky edebi dilde şygyr sungatynyň milli mekdebini ilkinji bolup esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň «Döker bolduk ýaşymyz» atly eseriniň üçünji bendinde:
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz
diýen ajaýyp setirleri okamak bolýar. Pikirleniş ukyplarynda täze çeperçilik çözgütleriň, Watana bolan söýginiň kemala gelmegine badalga berýän «Togsan dolmak» atly şahyrana söz düzümi, metafora we ylhamly arzuwlaryň durmuş beýany tebigat peýzažynda hem-de jemgyýetçilik medeniýetinde ýyldyz senenamasy boýunça uly çille bilen Çarwa nowruzyna çenli bolan wagt aralygyndaky möwsümi, on sany dokuzlyga barabar bolan durmuş peýzažyndaky günleriň jemlenilen san arkaly bitewüligini aňladyp gelýär. Şahyryň eserinde il sözi halkyň köplüginiň, ýaz we gyş sözleri bolsa astronomik, meteorologik, ýyl senenamasy we biologik taýdan aýry-aýrylykda ýaşaýşyň giňişlik-wagt koordinatlarynda özgeriş, üýtgeýiş, hereketleniş ukyplarynda şertli ölçegde togsan güne deň bolan, her bir paslyň aýlarynyň özara goşulyşan hatarlarynda dokuz onlugyň jemini görkezýän sandaky umumy keşbini bildirip gelýär. Ýaz (rebi) paslynyň dowamlylygy we gözelligi edebiýatyň taryhynda we dürli žanrlarynda hyjuwly duýgular, ösüş, abadançylyk, raýdaşlyk, uzak ömür, ýaşlyk, bagtyýarlyk, sahylyk, erkinlik, asudalyk, berklik, tämizlik, sagdynlyk hem-de asman bilen zeminiň mähribanlygy, zynatly jemaly hökmünde dabaralanýar. Togsanlyk san bilen bagly şahyrana seslenmäniň çeper, taryhy, edebi owazlary danyşmendiň «Duz hem bolmasa», «Nahana geldiň», «Joşa ýetdiň», «Many bilmez ýaşynda» eserlerinde hem belentden ýaňlanýar. Döredijilik taglymatlary, pikir we çeperçilik ussatlygy halkara derejesinde hormatlanylýan, şöhratly ykbaly dürli dillerde wasp edilýän Magtymguly Pyragynyň «Aýrylsa» atly gazalynda:
Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa
diýen tebigat suratkeşliginiň ajaýyp setirleri beýan edilýär. Bu şahyrana setirde orun alan çille sözi gyşyň gazaply, sowuk, aýazly günleriniň kyrk güne deň bolan wagt ölçegini – her ýylyň 25-nji dekabryndan 5-nji fewraly aralygyndaky pursatlary we ýaz paslynyň maýyl günleriniň başlanmagy bilen garlaryň eräp, derýalaryň suwunyň dowamly köpelmek, artmak, kenarlaryny böwüsmek häsiýeti gysga setirli şahyrana metafora, meňzetmede şöhlelenip gelýär hem-de tebigata, jemgyýete ylmy taýdan köptaraply akyl ýetirmekde gazanylan üstünlikleri çeper dabaralandyryp görkezýär.
Akyldar şahyryň «Atamyň», «Nowruzdan seni», «Mallar dargady», «Jahan peýda» ýaly şygyrlarynda sözüň ýazylyş we okalyş «sahnasyndaky» manysy, keşbi gönümel görünmeýän 21-lik sana – Nowruza uly orun berilýär. Eserleriniň gymmaty, edebi mirasy alys ülkelerde hem dürli dillerde sarpalanýan dana şahyryň «Güzeşt eýle» goşgusynda:
Ýerde nowruz hormaty,
Gije-gündiz hormaty
diýen sanlar bilen bagly syrly setirleri duş gelýär. Nowruz sözüniň sözme-söz terjimesi gadymdan gelýän ýyldyz senenamasynyň tertibi boýunça «Täze ýylyň ilkinji güni, güneşiň ýylylyk, ýagtylyk hereketiniň artyp başlamagy» diýmegi aňladýar.
Akyldar şahyr ylmyň mukaddes we köptaraply dünýäleriniň mertebeli wekili, adamzadyň maddy, ahlak, gözellik we ruhy gymmatlyklarynyň ösmegine, poeziýa äleminde şahyrana däpleriň we täze çeperçilik gözlegleriň kämilleşmegine saldamly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mekdebiniň halkylyk, taryhy we jemgyýetçilik gymmatlyklaryny öwrenmek biziň her birimiziň watançylyk borjumyzdyr.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.