Tennis boýunça möwsümiň 2-nji “Uly tuwalga” ýaryşy bolan “Fransiýa Açykda” erkekleriň arasynda ispaniýaly Karlos Alkaras, zenanlardan polşaly Iga Şwentek ýeňiji boldy. 123-nji gezek geçirilen ýaryşda ýeňijilere 2,4 million ýewro pul baýragy gowşuryldy.

Erkekleriň arasyndaky finalda Karlos Alkaras bilen germaniýaly Aleksander Zwerew duşuşdy. Pariždäki 4 sagat 19 minutlap dowam eden duşuşygyň ýeňijisi 5 setde kesgitlendi. 1-nji setde Alkaras 6:3, 2-nji setde Zwerew 6:2 ýeňiş gazandy. 3-nji setde-de 7:5 üstün çykan Zwerew öňe saýlandy. Ýöne 4-5-nji setlerde Alkaras has erjel oýun görkezip, 6:1 we 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazandy we ilkinji “Rolan Garros” çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň 3-nji “Uly tuwalga” çempionlygy bolup (“Amerika Açyk” – 2022, “Wimbledon” – 2023, “Fransiýa Açyk” – 2024), ol 3 dürli meýdançada (gaty, otly, toýunsaw) çempionlyk gazanan iň ýaş tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Galyberse-de, ol 21 ýaş 35 gün bilen “Rolan Garrosda” soňky 17 ýylyň iň ýaş çempiony boldy. Ondan öň Nadal 2007-nji ýylda 21 ýaş 7 gün bilen iň ýaş çempion adyny eýeläpdi.

Soňky 28 ýylda “Rolan Garrosda” finala çykan ilkinji germaniýaly tennisçi bolan Zwerew “Uly tuwalgalardaky” 2-nji finalyndan hem eli boş gaýtdy. Ol 2020-nji ýylda “Amerika Açykda” ýeňlipdi.