12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar.
Umumy mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr. Döwrümiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ýoly bilen ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Bitarap Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat edýär» diýip belleýär.
Soňra dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow, Gyrgyz Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, habarçy agzasy Kanatbek Abdrahmatow, Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Wasiliý Gurskiý, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň baş alym kätibi Gaýrat Bahadirow, Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Lýazzat Ýeraliýewa we beýleki alymlar çykyş etdiler. Olar öz wekilçilik edýän ylmy merkezleriniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler.
Umumy pikire görä, binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr.
Ylmy mümkinçilikleriň milli gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidigini, döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagynyň binýadydygyny belläp, çykyş edenler ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, ylmy dünýägaraýşyny giňeltmek babatda döwletimiz tarapyndan berilýän üns-alada ýokary baha berdiler.
13-nji iýunda ylmy maslahat ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek ýedi sany bölümçäniň çäginde öz işini dowam etdi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika”; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika”; Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary”; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasion ykdysadyýet”; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Ynsanperwer ylymlar”; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry” atly mejlisler geçirildi.