12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
Milli ylym ulgamynyň ýaş zehinlerini sylaglamak dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hem bar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmegiň, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş maksatlaryň biri bolup durýandygy bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi bilen, Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem oňa ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; «Innowasion ykdysadyýet»; «Ynsanperwer ylymlar» ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
Bäsleşige diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.
Türkmen ylmynyň geljekki şamçyragy boljak ýaşlar — ylmy-barlag edaralarynyň ýaş wekilleri ýeňijiler diýlip yglan edildi. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaraly çäre ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti bilen jemlendi.