Golaýda Berliniň we Praganyň haýwanat baglarynda saklanýan, Pržewalskiniň ýabany atlary Gazagystana getirildi. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berdi. Şeýlelikde, alty baýtal bilen bir aýgyr soňky 200 ýylyň içinde gazak sähralyklarynda görlen ilkinji ýabany atlar bolar. Olaryň öňki nesilleri müňlerçe ýyllap bu sebitlerde ýaşapdyrlar. Ýöne 1960-njy ýyllarda ýabany atlaryň sany adam işjeňligi sebäpli ýitip ugrapdyr. Indi olary tebigy ýaşaýan ýerlerine gaýtarmak maksat edinilýär. Gazagystana getirilen atlar Mýunhen we Praga haýwanat baglarynda saklanyp galan iki topara degişlidir.
-Uçar bilen getirilen bu atlaryň ganynyň dogry aýlanmagy üçin 30 sagatlap aýak üstünde durmaly boldular. Häzirki zaman haýwanat bagynyň esasy maksady diňe bir ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri goramak we köpeltmek däl-de, eýsem, olary ýabany tebigata gaýtaryp bermekdir. Bular dünýäde galan ýeke-täk ýabany atlardyr. Mustanglar – wagşylaşan öý atlary – diýip, Praganyň haýwanat bagynyň hünärmeni Filip Maşek belledi.
Geljekki bäş ýylda Gazagystana ýene-de 40 aty getirmek meýilleşdirilýär. Praga haýwanat bagy öňem ýabany atlaryň birnäçesini tebigy ýaşaýan ýerlerine goýberipdi. Atlar birnäçe ýylyň dowamynda Mongoliýa getirilip, häzirki wagtda ýurtda Pržewalskiniň ýabany atlarynyň köp sanlysy bar.