Du Fu, hytaý şahyry (712-770ý.)
Du Fu hytaý edebiýatynyň ösmegine goşant goşan nusgawy şahyrlaryň biridir. Hytaýyň Tan nesilşalygy döwründe (VII-IX asyrlar) Li Ho, Ho Szýui-i bilen birlikde Du Fu iň meşhur hytaý şahyrlary hökmünde tanalypdyr. Şol asyrlar hytaý edebiýatynyň täzeden galkynyş döwri hökmünde bellidir. Du Funuň döredijiligi 4 döwre bölünýär. Ol 741-nji ýylda Hytaýyň Çanýan şäherine göçüp gelipdir. Bu ýerde Du Fu 10 ýyllap dürli goşgulary döredipdir. Şol goşgularyň aglabasy tebigat gözelligi, adalatlylyk, durmuş temalaryna bagyşlanypdyr. Onuň şygyrlarynda adam şahsyýeti, ruhubelentlik çeper beýan edilip, paýhasly pikirler öňe sürlüpdir. Paýhasa eýlenen pikirleriniň okyjylaryň ýüreginde orun alandygy üçin halk oňa akyldar şahyr diýip at beripdir. Du Funuň şygyrlarynyň 1400-den gowragy biziň günlerimize gelip ýetipdir.