Rotterdam şäheriniň kitaphanasy Niderland pelsepeçisi, akyldary, ýazyjy, terjimeçi we pedagogy Erazm Rotterdamlynyň 1609-njy ýylda neşir edilen, takmynan, dört asyr bäri ýiten diýlip hasaplanan we dünýäde saklanyp galan ýeke-täk nusgasy bolan «La civilité puerile» («Çagalar üçin edep-ekram düzgünleri») atly seýrek kitabyny öz ýygyndysyna goşdy hem-de köpçülige tanyşdyrdy. Bu barada Niderlandlaryň Rijnmond teleýaýlymy habar berdi.

Galkynyş eýýamynyň iň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýan we öz döwründe «Ynsanperwerleriň şazadasy» diýlip at berlen awtor Erazmyň 1530-njy ýylda çap edilen latyn dilindäki gollanmasynyň fransuz dilinde täzeden işlenen görnüşi bolan bu kitaby ýazyjynyň eserleri bilen öňden tanyş bolan amerikaly antikwar tapyp, kitaphana sowgat berdi. Asyl neşiriniň öz döwründe diňe müň nusgada çap edilen bolmagy ähtimal bu eserde çagalara saçak başynda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, şahsy arassaçylygyň esaslary düşündirilip, nahardan öň eliňi ýuwmak, wagtly-wagtynda dyrnaklaryňy almak we kimdir biri asgyranda oňa saglyk arzuw etmek ýaly ahlak terbiýesine  degişli maslahatlar degişme äheňinde ýazylypdyr.

Gündelik durmuşda ýygy-ýygydan ulanylandygy sebäpli, bu gollanma kitaphanalaryň ýygyndylarynyň arasynda seýrek saklanyp galypdyr. Kitaphananyň abatlygyna jogap berýän işgäri Jon Tolen bu gymmatly gollanmanyň tapylmagyny şäheriň taryhy mirasy üçin möhüm waka diýip atlandyrdy. Häzirki wagtda Erazmyň eserleriniň dünýäde iň uly ýygyndysyny saklaýan Rotterdam şäheriniň kitaphanasynda 1900-nji ýyla çenli neşir edilen üç müňden gowrak çap eseri, soňraky döwürlere degişli ýene üç müňe golaý kitap, şeýle hem makalalar we medallar bar.