Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen işlere, bilim edaralaryny okuw esbaplary, döwrebap okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösmeginiň, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň esasy hem-de möhüm şertidir. Şonuň üçin hem Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde hormatly Prezidentimiz häzirki täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän döwürde mekdep harytlarynyň söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada belläp, mekdep bazarlarynyň ýerleşdirilýän ýerleriniň alyjylar üçin amatly bolmalydygyna hem-de olarda harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi ugrunda ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekýär.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlarynda mekdep bazarlary işleýär, bu ugurda ýöriteleşdirilen dükanlarda hem mekdep harytlarynyň birnäçe görnüşi alyjylara hödürlenýär. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene-atalary, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylar we talyp ýaşlar mekdep bazarlaryndan, ýöriteleşdirilen dükanlardan zerur bolan okuw esbaplaryny satyn alýarlar.
Indi birnäçe ýyl bäri halkymyza ýokary derejede hyzmat edip gelýän hem-de ýyl-ýyldan öz işini kämilleşdirip, hyzmatlaryň gerimini giňeldýän dükanlaryň biri hem paýtagtymyzda ýerleşýän «Galam» dükanlarydyr. Bu ýöriteleşdirilen dükanlar kanselýariýa harytlary, okuw esbaplary, baýramçylyklar we belli seneler üçin sowgatlyklar satylýan iň uly dükanlaryň biridir. Bu ýerden okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Bu ýerdäki okuw esbaplary özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda oglanlar we gyzlar üçin ýokary hilli materiallardan öndürilen ýantorbalar, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen harytlar, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri, paýtagtymyzyň owadan binalarynyň şekilleri bilen bezelen depderler we beýleki okuw esbaplary bar. Dürli okuw derslerine niýetlenip öndürilen depderler, şeýle hem sözlükdir kartalar çagalaryň we ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrýar. Şular ýaly okuw esbaplarynyň ählisini bu dükanlardan elýeterli bahadan satyn almaga hemme mümkinçilikler döredilipdir.
Söwda ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, halkymyza giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler.
Ýurdumyzda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde birinji synp okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ajaýyp sowgadyň – öwrediji kompýuteriň gowşurylýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 19-njy martynda iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. Ýurdumyzyň ösüşi, ýaş nesillerimiziň geljegi ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Baýram Öwlýagulyýew,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, telekeçi.