«Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki za­man hem-de öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Mun­da ro­bot­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň hem-de soň­ky ýyl­lar­da has köp üns be­ril­ýän eme­li aň ul­ga­my­nyň hem uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li.
Ro­boto­teh­ni­ka­nyň bu esa­sy ýö­rel­ge­le­ri, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, önüm­çi­lik tap­gyr­la­ry mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da ro­bot­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na esas­lyk na­za­ry bi­lim­ler we ama­ly tej­ri­be­ler hök­ma­ny ze­rur­dyr. Ro­boto­teh­ni­ka bi­lim üçin äh­lu­mu­my gu­ral­dyr. Ýaş­la­ra ro­bot en­jam­la­ry­ny ulan­ma­gy öw­ret­mek, şol bir wag­tyň özün­de oý­na­mak we teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik bi­len öw­ren­me­gi aň­lad­ýar. Bi­lim be­ri­ji ro­bot en­jam­la­ry baş­lan­gyç dö­wür­de okuw­çy­la­ryň teh­ni­ki me­ýil­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge we ola­ry bu ugur­da kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Ýaş­lar il­ki bi­len tas­la­ma­nyň ösüş tap­gy­ry­na gat­na­şyp, ýö­ne­keý­den çyl­şy­rym­ly amal­la­ra geç­me­li, soň bol­sa mo­de­liň äh­li jik­me-jik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň jem­leý­ji ýyg­na­ny­şy­gyn­da gu­tar­nyk­ly ne­ti­jä­ni al­ma­ly. Il­ki­baş­da ýaş­lar göz öňün­de tu­tu­lan he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip, goý­lan me­se­le­le­ri çö­züp bil­ýän önü­mi dö­re­der. Öz il­kin­ji mo­del­le­ri­ni dö­ret­mek bi­len ýaş­lar il­kin­ji ge­zek konst­ru­ir­le­me­giň we prog­ram­mir­le­me­giň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni öw­ren­ýär­ler.
Ýur­du­my­zyň ýaş nes­li hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len iç­gin gy­zyk­lan­ýar­lar. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­dep­le­riň esa­syn­da ýaş­la­ra iş ter­ti­bi­niň esas­la­ry­ny öw­red­ýän gur­nak­lar we bö­lüm­ler açyl­ýar. Öz ge­ze­gin­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän ro­bot ýa­ryş­la­ry ça­ga­la­ryň we ýaş­la­ryň bi­lim­le­ri­niň gi­ňe­me­gi­ne, mag­lu­mat alyş-çal­şy­gy­na we hä­zir­ki za­man teh­ni­ki dö­re­di­ji­li­gi­ne gat­naş­ma­gy­na go­şant goş­ýar.
Şeý­le hem teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bar­ha kä­mil­leş­ýän döw­rün­de dün­ýä ýü­zün­de adam­zat dur­mu­şy­na na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar döw­rü­niň iň soň­ky ga­za­nan teh­ni­ki en­jam­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy gel­jek­de has ýe­ňil­lik­li dur­muş­da ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ylym-bi­li­me has iç­gin gi­ri­şil­me­gi ony ele do­lu­ly­gy­na al­ma­ga edil­ýän sy­na­ny­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de oý­lap ta­pyş­la­ryň, açyş­la­ryň sa­ny gör­ne­tin kö­pel­ýär. Olar­dan aý­ra­tyn bel­le­me­li­si eme­li aň­dyr.
Eme­li aň şeý­le bir kä­mil­leş­di­ril­di, hatda te­bi­gy aň bi­len bäs­le­şer­lik de­re­jä ýe­ti­ril­di. Eme­li aň hä­zir­ki dö­wür­de iň bir ös­dü­ril­ýän pu­dak­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Eme­li aň ul­ga­myn­da dün­ýä­niň ösen kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi uly iş­le­ri alyp bar­ýar.
Hä­zir­ki ösen dö­wür­de bol­sa in­tel­lek­tu­al ul­gam­lar kyn iş­le­ri aň­sat­laş­dyr­ma­ga ýa­kyn­dan ýar­dam ber­ýär. Mu­ňa ho­wa men­zil­le­rin­dä­ki uçuş­la­ry gu­ra­ma­ga kö­mek ed­ýän ha­bar be­riş-sel­je­riş ul­gam­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek müm­kin. Olar ýü­ze çyk­ýan me­te­reo­lo­gik ýag­daý, uça­ryň uçuş-go­nuş ter­ti­bi, uzak­lyk, tiz­lik we beý­le­ki ýüz­ler­çe pa­ra­metr­le­re umu­my­laş­dy­ry­lan gör­nüş­de gö­zeg­çi­lik ed­ýär we iş­çä ha­bar ber­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki ot­ly we uçar gat­naw­la­ry üçin pe­tek­le­ri elekt­ron gör­nüş­de, hiç bir kyn­çy­lyk­syz, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp sa­tyn alyp bil­ýär­ler. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy­ny çalt­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga ýur­du­myz­da döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär, äh­li pu­dak­lar­da or­naş­dy­ryl­ýar we yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär.
Eme­li aň hä­zir­ki dö­wür­de yk­dy­sa­dy­ýet­de hem mö­hüm or­ny eýe­läp baş­la­dy. «Pricewa­ter­hou­seCoo­pers» (PwC) kom­pa­ni­ýa­sy öz ge­çi­ren göz­leg­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de eme­li aňyň äh­mi­ýe­ti­niň art­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Göz­leg­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, PwC kom­pa­ni­ýa­sy eme­li aňyň glo­bal je­mi içer­ki önü­mi tak­my­nan 14%, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, tak­my­nan 15,7 tril­li­on dol­lar möç­be­rin­de ýo­kar­lan­dyr­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösen 12 sa­ny döw­let bo­ýun­ça «Accen­tu­re» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­len göz­leg iş­le­riň ne­ti­je­si­ne gö­rä, eme­li aňyň 2035-nji ýy­la çen­li glo­bal yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni­ni iki es­se art­dy­ryp bil­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar.
Işe­wür­ler eme­li aň esas­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň gel­jek­de üs­tün­lik ga­zan­mak üçin mö­hüm şert bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem eme­li aňyň ula­nyl­ma­gy bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy art­dy­rar diý­lip ha­sap­lan­ýar. Eme­li aň­dan peý­da­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry ön­dü­ri­ji­li­giň art­ma­gy bi­len öz gir­de­ji­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy üp­jün ed­ýär­ler. Bu ne­ti­je­ler işe­wür­lik dün­ýä­si­niň eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne dü­şün­me­gi­niň gör­ke­zi­ji­si hök­mün­de ka­bul edi­lip bil­ner. «Se­na­gat 4.0» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan we önüm­çi­lik­de adam zäh­me­ti­ni azal­dyp, ar­zan iş­çi güý­jü­ni ulan­ýan kär­ha­na­lar ul­gam­la­ryn­da eme­li aňyň mö­hüm or­ny bar­dyr. Bu ul­gam­lar­da üp­jün­çi­lik zyn­jy­ryn­dan önüm­çi­li­ge, hat-da müş­de­ri­niň önüm­çi­lik­den soň­ky sarp ediş döw­rü­ne çen­li bo­lan pro­ses­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek hem müm­kin­dir.
«Eme­li aň» dü­şün­je­si­niň özi ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de «eme­li» sö­zü­niň ma­ny­sy ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça te­bi­gy däl za­dy, ýag­ny ada­myň öz eli bi­len dö­re­den zat­la­ry­ny aň­lad­ýar. «Aň» sö­zü­ni ýö­ne­keý usul bi­len dü­şün­dir­mek kyn. Söz­lük­ler­de onuň ma­ny­sy dür­li gör­nüş­de aň­la­dyl­ýar. Me­se­lem «aň» – ka­rar ka­bul edip bil­mek uky­by, dü­şün­mek uky­by ýa­ly dü­şün­di­riş­ler­den baş­ga-da «bil­mek, göz ýe­tir­mek, de­ňeş­dir­mek ýa-da top­la­nan tej­ri­be­le­riň ne­ti­je­sin­de tä­ze ýag­daý­la­ra uý­gun­laş­mak» ýa­ly ma­ny­lar­da hem gel­ýär. Yl­my taý­dan «eme­li aň» dü­şün­je­si il­kin­ji ge­zek 1956-njy ýyl­da Sten­ford uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len yl­my mas­la­hat­da iň­lis­çe «ar­ti­ficial in­tel­li­gence» (AI) gör­nüş­de giň yl­my köp­çü­li­ge ýe­ti­ri­lip­dir we şon­dan soň­ra bu ba­ra­da alym­lar gy­zyk­la­nyp baş­lap­dyr­lar.

Ýaz­my­rat At­da­ýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.