1846-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda amerikaly Elias Hou (1819–1867 ý.ý.) tikin maşynyna patent alýar. Şol döwürler, hatda ondan öň ilkinji tikin maşynlar peýda bolup başlaýar. Ilkinji tikin maşynlar birinji Senagat öwrülişigi döwründe peýda bolup başlaýar. 1755-nji ýylda germaniýaly Çarlz Frederik Wizental Angliýada tikin tikýän mehaniki enjama patent alýar. 1790-njy ýylda angliýaly Tomas Seint ilkinji tikin maşynyna patent alýar. Şol ýyllar dürli usulda tikin tikýän birnäçe enjam peýda bolýar. Elias Hou bolsa, häzirkilere meňzeş – ujy gözli (deşikli), aşagy naýçaly we awtomatlaşdyrylan tikin maşynyny işläp taýýarlaýar.
Tikin maşynlarynyň peýda bolmagy egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we beýleki önümleriň köpçülikleýin we elýeterli bahadan öndürilmegine mümkinçilik berýär.