Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketleriniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň yglan edilmegi hem şol aýdylanlardan nyşandyr. Şu günler ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda Türkmenabat gornizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçilik wzwodynyň gözegçileri yhlas bilen zähmet çekýärler.
Bu çäreleri geçirmegiň düýp mazmunynda ýol hereketleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek arkaly ynsan saglygyny gorap saklamak, ömrüniň rahatlygyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelerden durýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň rowaç alýandygyndan nyşandyr. Bu asylly çäre adamlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, ýol hereketine gatnaşyjylaryň medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleri hem öz içine alýar.
Mekdeplerde bolsa, ýol hereketleriniň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti barada düşündiriş işleri geçirilýär. Bularyň çagalara has gowy täsir etmegi üçin işjeň oýun görnüşinde, surat çekmek arkaly wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Ýaş nesillere ýol hereketiniň kadalaryny öwretmek, onuň düzgünlerini düşündirmek wajyp bolup durýar. Her bir ata-ene çagasynyň elinden tutup, ýolyşyga seredip, ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edip, köçäniň bir tarapyndan beýleki tarapyna geçmäni öwretmelidir. Bu düzgünleri sada dilde aýdyp düşündirmeli.
Bu düzgünleri dürli gyzykly usullaryň, görkezme esbaplaryň, suratlaryň kömegi bilen ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmekligi nygtap geçmelidir. Sebäbi ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek ynsan ömrüni goraýar.
Berkarar Döwletimiziň täze eýýamynyň Bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzda ýol hereketleriniň howpsyzlygyny üpjün etmek, ilatymyzyň şol sanda ösüp gelýän ýaş neslimiziň ýol hereketiniň kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli alada etip gelýäris.
Sagdyn ýaşaýyş ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Şonuň üçin biziň her birimiz saglygymyzy goramak barada aladalanmalydyrys, sagdyn-durmuş ýörelgesine berk eýermelidiris. Biz edara-kärhanalarda, bilim, medeniýet ojaklarynda guraýan çärelerimizde şu meselä ilatyň ünsüni çekýäris.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny goramak barada edýän tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenabat gornizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçilik wzwodynyň gözegçileri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen işleriň üsti bilen ýollarymyzyň asudalygyny, il-günümiziň rahatlygyny gazanmaga çalyşar.
Bütindünýä adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Myrat Baýliýew,
Türkmenabat gornizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçilik wzwodynyň gözegçi-uly sürüjisi, borçnamalaýyn harby gullugyň starşinasy.