Meş­hur iň­lis dra­ma­tur­gy Wil­ýam Şeks­pi­riň ki­ta­by bir asyr­dan soň ABŞ-nyň Nýu-Jer­si şä­he­rin­dä­ki Pa­ter­so­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ki­tap­ha­na­sy­na gaý­ta­ry­lyp be­ril­di. Ýer­li ýa­şaý­jy Sin­ti­ýa De­leý mer­hum ene­si­niň zat­la­ry­nyň ara­syn­dan «Gen­rih V» pýe­sa­sy­nyň seý­rek ne­şi­ri­niň üs­tün­den bar­ýar. On­da ki­ta­byň 1923-nji ýyl­da ki­tap­ha­na­dan al­nan­dy­gy bel­lik edi­lip­dir. Sin­ti­ýa ki­tap­ha­na­nyň iş­gär­le­ri bi­len ha­bar­la­şyp, ki­ta­by yzy­na gaý­tar­mak­çy­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär.
– Yzy­na be­ril­me­li we möh­le­ti ge­çen ki­tap­la­ry ki­tap­ha­na gaý­tar­mak hiç wagt giç däl. Em­ma şu­nuň ýa­ly ýag­da­ýa soň­ky 20 ýyl­da il­kin­ji ge­zek ga­bat gel­dim – di­ýip, ki­tap­ha­na­nyň mü­di­ri Ko­ri Fle­ming aýd­ýar.
Bu ki­ta­byň 1910-njy ýyl­da çäk­li ne­şir­de çap edi­len­di­gi we kol­lek­sio­ner­ler üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bel­len­di. Şol bir wag­tyň özün­de, ki­tap ki­tap­ha­na­nyň yzy­na be­ril­me­li möh­le­ti ge­çen ki­tap­la­ry bo­ýun­ça re­kord goý­mak­dan uzak­da. Şeý­le re­kor­dy Bre­me­niň ar­hi­ýe­pis­ko­py hak­da ne­mes di­lin­de ýa­zy­lan ne­şir sak­la­ýar. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şol ki­tap 1609-njy ýyl­da ne­şir edi­lip­dir. Iň­lis pol­kow­ni­gi Ro­bert Wol­pol ony 1667-1668-nji ýyl­lar­da Kemb­rij­dä­ki ki­tap­ha­na­dan oka­ma­ga alyp­dyr. Ne­ti­je­de, ki­tap 288 ýyl­dan soň yzy­na gaý­ta­ryl­dy. Pro­fes­sor Jon Plamb ki­ta­by mar­kiz Çam­li­niň Nor­folk­da­ky hu­su­sy ki­tap­ha­na­syn­dan tap­dy.

Dünýägözel SEÝIDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanasynyň 1-nji derejeli bibliografy.