Edebi birleşik gaznasynyň baýragyna eýe bolan iň oňat Karib hekaýasy diýlip ykrar edilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň ýazyjysy Jamiz Naziriň “The Serpent in the Grove” («Tokaýlykdaky ýylan») atly eseri emeli aňyň kömegi bilen ýazylan bolmagy mümkin diýen şübheler sebäpli halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi. Ozal ençeme Nobel baýragynyň eýeleriniň eserlerini okyjylara ýetiren abraýly “Granta” edebi žurnalynda neşir edilen bu hekaýa häzirki wagtda uly jedelleriň döremegine sebäp boldy. Halkara bilermenleri we ylmy barlagçylar tekstiň gurluşynda sanly ulgamlara hem-de neýrogurşawlara mahsus bolan dil aýratynlyklarynyň bardygyny öňe sürýärler. Hususan-da, alym Itan Mollik bu eseriň dolulygyna emeli aňyň önümidigini mälim etdi we munuň subutnamasy hökmünde degişli tekstleri anyklaýan “Pangram” atly ýörite maksatnamanyň iň ýokary görkezijisini mysal getirdi.
Edebi baýragy guraýjy wekilçilikli topar gelip gowşan aýyplamalara çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşilýändigini mälim edip, şol bir wagtyň özünde häzirki döwürde gelip gowuşýan tekstleri barlamak üçin ýörite sanly programmalaryň ulanylmaýandygyny aýtdy. Öz gezeginde, “Granta” žurnaly hem eseriň hakykatdan hem ynsan galamyna degişlidigini anyklamagyň häzirki şertlerde tehniki taýdan mümkin däldigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, jadyly tokaýlygyň täsirli wakalaryny gürrüň berýän bu eser özüniň şahyrana çeperçiligi we çuňňur manyly deňeşdirmeleri bilen tapawutlanýar. Eminler topary tarapyndan awtoryň dili takyk, täsirli we baý çeper keşpleri döretmäge ukyply diýlip häsiýetlendirilen hem bolsa, ýazyjy Jamiz Nazir tarapyndan häzire çenli bu ýagdaý boýunça resmi düşündiriş berilmedi.
PDF









