25-nji noýabrda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Baýram Jütdiýew 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň aramyzdan gitmegi türkmen edebiýaty üçin uly ýitgidir. “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy Baýram Jütdiýewiň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär. Goý, halypanyň jaýy jennetden bolsun!

Baýram Jütdiýew 1937-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Ýandakly agyz obasynda doglan. Ol 1957-nji ýylda mugallymçylyk mekdebini, 1962-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlaýar.

Ol 1962-1964-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetinde edebi işgär, 1964-1969-njy ýyllarda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň bölüm müdiri, 1969-1971-nji ýyllarda TKP-nyň medeniýet bölüminiň instruktory, 1971-1973-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde baş redaktory, 1973-1986-njy ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1986-1991-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory, 1992-2003-nji ýyllarda «Diýar» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär we pensiýa çykýar. Soň 2008-nji ýylda «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibiniň orunbasary, bölüm müdiri bolup işleýär.

Baýram Jütdiýew 1992-nji ýylda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen hormatly ada eýe bolýar, 1989-njy ýylda «Internasional esger», 1994-nji ýylda «Gaýrat», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen, 1997-nji ýylda «Galkynyş», 2000-nji ýylda «Bitaraplyk», 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri bilen sylaglanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň dört gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň awtorlarynyň biridir.

Ýazyjynyň «Akaba», «Yhlas», «Abraý», «Bagyşlanýar», «Ala meýdanlar», «Owazlar kökeni», «Göwün binasy», «Orak möwsümi», «Ýalkanmaly zamana», «Dogaýy diwan», «Mübärek agşam», «Ömrüm –eý!…» we başga-da birnäçe kitaplary okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy.