Türk­men hem­me dö­wür­de-de be­dew aty­na aý­ra­tyn sar­pa goý­ýan halk­dyr. Şol se­bäp­li at­la­ry ýö­ri­te do­ka­lan ha­ly önüm­le­ri hem-de kü­müş­den ýa­sa­lan dür­li gaş­lar bi­len be­ze­len şaý-sep­ler bi­len be­zäp­dir­ler. At şaý­la­ry be­dew­le­ri­mi­ziň toý-baý­ram da­ba­ra­la­ryn­da­ky aý­ryl­maz be­ze­gi­dir. Ata da­kyl­ýan şaý-sep­ler di­ňe be­zeg bol­man, eý­sem göz­den-dil­den go­ra­mak üçin hem ni­ýet­le­nip da­ky­lyp­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men­ler be­dew at­la­ry­ny uz owa­dan be­zäp, toý-baý­ram­çy­lyk­la­ra çy­kar­ýar­lar. Toý-to­ma­şa­da türk­me­niň buý­san­ýan iň be­ýik sun­gat­la­ry­nyň ara­sy­na çy­ka­ryl­ma­gy bol­sa da­ba­ra­ny has-da beý­geld­ýär. Türk­me­niň be­dew aty­na bo­lan söý­gü­si­niň bi­möç­ber­di­gi at şaý­la­ry­ny syn­la­nyň­da has aý­dyň du­ýul­ýar. Olar­dan gö­wüs­bent, bo­ýun­lyk, maň­laý­lyk, göz­lük, eýer ýa­ly be­zeg at şaý­lar de­giş­li­dir­ler. Ola­ry kü­müş­den ýa­sa­lyp, al­tyn ça­ýy­lyp be­zeg gaş­lar otur­dy­lyp be­zäp­dir­ler.
Eýer – atyň üs­tün­de go­ýul­ýar, ýag­ny atyň üs­tü­ne mü­neň­de otur­mak üçin ge­rek bol­ýan en­jam. Ony kü­müş­den dür­li hil­li gaş­lar, si­ta­ra­lar, çüý­ler bi­len be­ze­läp­dir­ler. Eýer pi­liň süň­kün­den ýa-da agaç­dan ýa­sal­ýar.
Gö­wüs­bent – iň uly at be­zeg şa­ýy­nyň bi­ri­dir, onuň ýü­zü­ne al­tyn ça­ýy­lyp, gaş­lar otur­dy­lyp be­ze­lip­dir. Ol atyň dö­şü­ni ýa­pyp dur­ýar.
Bo­ýun­lyk – atyň boý­nun­dan da­kyl­ýan be­zeg şa­ýy. Ol ga­ýy­şyň ýü­zü­ne si­ta­ra ýa-da guş­gö­zi otur­dy­lyp we dört burç plas­ti­na­nyň ýü­zü­ne al­tyn ça­ýy­lyp gaş otur­dy­lyp be­ze­lip­dir. Bo­ýun­lyk ýa­sy we in­çe gör­nüş­li bol­ýar.
Maň­laý­lyk – atyň maň­la­ýyn­dan da­kyl­ýan be­zeg şa­ýy­dyr. Ga­ýy­şyň ýü­zü­ne si­ta­ra, guş­gö­zi, gaş­lar otur­dy­lyp be­ze­lip­dir.
Göz­lük – atyň be­zeg şa­ýy, atyň maň­laý­lyk şa­ýy ýa­ly maň­laý­dan da­kyl­ýan be­zeg şa­ýy­dyr. Göz­lü­giň şel­pe­le­ri atyň gö­zü­niň üs­tü­ne dü­şüp aý­ra­tyn be­zeg ber­ýär.
Türk­men be­dew at­la­ry­nyň be­zeg şaý­la­ry dün­ýä­de owa­dan­ly­gy, ne­pis­li­gi bi­len bel­li­dir. Bu sun­gat de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­len bu zat­la­ryň ýö­ne bir dur­mu­şy ze­rur­lyk üçin ýa­sal­man, hut türk­me­niň be­dew aty­na söý­gü­si­niň ny­şa­ny­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris.
Ga­raş­syz­lyk mu­zeý­mi­ziň gaz­na­ha­na­syn­da sak­la­nyl­ýan at be­zeg es­bap­la­ry­nyň haý­sy bi­ri­ni al­saň-da türk­me­niň nu­ra­na kal­byn­dan be­dew aty­na bol­sa söý­gü­sin­den mäh­rin­den ha­bar ber­ýär. Türk­men zer­gär­le­ri öz dö­re­den be­dew at­la­ry be­ze­mek üçin el hü­när­le­ri­ni gaý­gyr­man­dyr­lar.
Türk­men be­dew aty­na ýö­ri­te do­ka­lan ha­ly önüm­le­ri bi­len be­zäp­dir­ler. Be­dew­le­riň ha­ly be­zeg önüm­le­ri­niň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar. At ha­ly ýa­pyn­ja ýa-da at köý­nek­çe di­ýi­lip at­lan­dy­ryl­ýan ha­ly önü­mi, ony çit­me usu­lyn­da do­kal­ýar. Bu ha­ly önü­mi­niň yz ta­ra­py gö­nü­burç­luk şe­kil­li bo­lup öňü­niň iki ta­ra­py uzyn­rak ýag­ny atyň boý­nu­na aý­la­nar ýa­ly edi­lip do­kal­ýar. At ýa­pyn­ja­nyň na­gyş­la­ry ke­se­li­gi­ne geç­ýän maý­da na­gyş­ly zo­lak­lar­dan yba­rat­dyr. Na­gyş­la­ry “mä­ki”, “at köý­nek­çe”, “ata­nak” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. At ýa­pyn­ja­nyň gy­ra­la­ry­na gy­zyl we go­ýy ýa­şyl ýa-da gök reňk­li işi­len eriş­ler­den se­çek tu­tul­ýar. At ýa­pyn­ja­la­ryň ýu­ka­jyk do­ka­lan pa­las gör­nüş­li­si hem bol­ýar. Bu­la­ryň aşa­gy­na me­lem­til ýa-da ga­ra ke­çe­den iç­lik edil­ýär. Bu at ýa­pyn­ja­la­ryň gy­ra­sy hem se­çek bi­len be­zel­ýär.
At “içir­gi­si” atyň ar­ka­sy­na eýe­riň aşa­gyn­dan ýa­pyl­ýan ha­ly önü­mi­dir. Içir­gi­niň öň ta­ra­py te­kiz bo­lup yz ta­ra­py te­ge­le­nip gel­ýär. Içir­gi­niň te­ge­le­nen ýe­rin­den se­çek tu­tul­ýar. Ha­ly içir­gi­le­riň nag­şy or­ta we gy­ra na­gyş­la­ryn­dan yba­rat­dyr.
Eýer­lik – atyň eýe­ri­niň üs­tü­ne atyl­ýan ha­ly önü­mi­dir. Ol ha­ly içir­gi­sin­den ki­çi­räk bo­lup tö­we­re­gi te­ge­le­nip gaýd­ýar. Eýer­li­giň mer­ke­zi­ne haý­sy hem bol­sa bir na­gyş – “sa­lyr göl”, “aý­na go­çak”, şel­pe­li göl­çe” we şu­ňa meň­zeş na­gyş­lar sal­nyp, onuň tö­we­re­gi­ne “bar­mak”, “gy­ýak”, “eg­rem” ýa­ly maý­da na­gyş­lar aý­lan­ýar. Eýer­li­giň da­şy­na gy­zyl, ga­ra, ýa­şyl, gök reňk­li ýü­pek­den ýa-da eriş­den se­çek edil­ýär.
Eýer­li­giň ýo­ka­ry ýa­ny­nyň or­ta­syn­dan eýe­riň ga­şy üçin dik edi­lip onuň da­şy “pug­ta­ma” usu­lyn­da na­gyş­lan­ýar. Bu at be­ze­gi­niň gy­ra­la­ry­na hem be­ze­len we pa­jar­ly gör­kez­ýän pür­çük­li se­çek­ler tu­tu­lyp­dyr.
At “bo­ýun­lyk” hem çit­me usu­lyn­da do­ka­lan in­çe uzyn zo­lak­dyr. Onuň ýü­zi “ata­nak”, “şel­pe” ýa­ly na­gyş­lar bi­len be­zel­ýär. At bo­ýun­ly­gy atyň boý­nu­nyň aşa­gyn­da bir­leş­ýän iki ujy go­taz­lar bi­len be­ze­len ha­ly önü­mi­dir.
At be­zeg­le­ri ke­çe­den we ýü­pek­den hem edi­lip­dir. Ke­çe­den ýüz­le­ri el na­gyş­la­ry bi­len be­ze­len gön bi­len ber­ki­di­len at bas­ryk­lar ça­py­şyk­dan ga­ra de­re ba­typ ge­len at­la­ryň üs­tü­ne şe­mal ka­kyp üşe­mez­li­gi üçin aty­lyp­dyr. Ak ke­çe­den edi­len at içir­gi­le­riň gy­ra­sy ýü­zü­ne dür­li reňk­li ma­ta­dan ýa-da el na­gyş­la­ry bi­len iç­lik­le­nip gy­ra­sy­na se­çek tu­tu­lan gyr­my­zy ýü­pek­den bo­lan at ýa­pyn­ja­lar ata aý­ra­tyn görk be­rip­dir.
Atyň eýe­ri­niň aşa­gy­na go­ýu­lan ýo­na­ny ýa­sa­ýan us­sa­lar “ýo­na­çy” ady­ny alyp­dyr­lar. Ýo­na ýö­ri­te ga­ýyş­dan ýa­sa­lyp, aşa­gy­na ke­çe­den iç­lik edi­lip­dir. Ýo­na­nyň ýü­zi bas­ma usu­lyn­da na­gyş­la­nyp­dyr. Şeý­le hem ga­ýyş­dan at üçin uýan ýa­sap ony ba­lyk­gu­lak, göz­mon­juk, dag­dan bi­len be­zäp­dir­ler.
Umu­man, at be­zeg­le­ri­niň äh­li­si­ne syn ede­ni­miz­de dün­ýä­de owa­dan­ly­gy­na, ýyn­dam­ly­gy­na taý ta­pyl­ma­ýan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şeý­le eý gör­lüp, be­ze­len­di­gi­ne göz ýe­tir­ýä­ris.

Tä­ze­gül ÖWEZ­MY­RA­DO­WA, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň bö­lüm mü­di­ri.