Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­ýar. Dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şul­ýan hem-de özü­niň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýän ýur­du­myz bü­tin dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge my­na­syp go­şant go­şup, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ne do­ly gü­wä geç­ýär.
1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de bir hoş ha­ba­ra şa­ýat bol­dy, ýag­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ikin­ji ge­zek ka­bul et­di. 2017-nji
ýy­lyň 2-nji few­ra­lyn­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 71-nji ses­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de 12-nji de­kab­ry «Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa, döw­le­ti­mi­ziň bu öz­bo­luş­ly hu­kuk de­re­je­si­niň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek aý­dyň gör­kez­di.
Şu nuk­daý­na­zar­dan Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Bu hem dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dur­nuk­ly­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len soň­ky ýyl­lar­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe mö­hüm ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. Ýa­ňy-ýa­kyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk baý­ra­my­my­zyň öňü­sy­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýad­ro ýa­ra­gyn­dan azat zo­lak ha­kyn­da­ky Şert­na­ma» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi ýe­ne-de türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň uly üs­tün­li­gi bol­dy. Şu ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň kö­pü­si­niň he­mi­şe­lik Bitarap Türk­me­nis­ta­nyň bu baş­lan­gy­jy­ny gol­da­ma­gy, se­bit­dä­ki hem­me ýurt­la­ryň oňa aw­tor­daş hök­mün­de çy­kyş et­me­gi ýur­du­myz üçin uly ab­raý­dyr.
Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry «Türk­me­nis­tan – BMG» stra­te­gik mas­la­hat be­riş ge­ňe­şi­niň çäk­le­rin­de hem üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Go­laý­da bu ge­ňe­şiň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­lip, on­da «Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň 2026–2030-njy ýyl­lar üçin Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy hem-de ýaş­lar, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, san­ly­laş­dyr­ma we «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça BMG bi­len bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça hem hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ýag­daý­da al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty köp­ta­rap­ly dip­lo­ma­ti­ýa­ny, şol san­da yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka, ulag, suw, ylym-bi­lim, me­de­ni, yn­san­per­wer, par­la­ment, luk­man­çy­lyk, eko­lo­gi­ýa, ýaş­lar, sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri şert­len­dir­ýär. Mu­nuň özi döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­me­gi, dost­luk we yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, dür­li ul­gam­lar­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Mer­jen BAÝ­RA­MO­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.