«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny hal­ky­my­za sow­gat et­me­gi şat­lyk­ly we buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 29 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da il­deş­le­ri­miz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şan-şöh­rat­ly geç­mi­şi­niň, baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň we döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň, ta­ryh­da yz go­ýan şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň nus­ga­lyk ýo­lu­nyň, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy­nyň giň­den be­ýan edil­me­gi äh­li­miz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­byn­da türk­men hal­ky­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak mi­ra­sy ha­sap­lan­ýan ta­ry­hy­-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da­ky pi­kir­le­ri­ni hal­ky­myz bi­len paý­laş­ma­gy bol­sa her bi­ri­mi­zi be­gen­dir­ýär hem-de buý­san­dyr­ýar. Tä­ze ki­tap Gah­ry­man Arkadagymyzyň döw­let gur­mak ha­kyn­da­ky sy­ýa­sa­tyn­da döw­let ýol­baş­çy­sy hök­mün­de uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da top­lan tej­ri­be­si­niň, ga­ly­ber­se-de, türk­me­niň ta­ry­hy­nyň, hal­ky­my­zyň mil­li ýol-ýö­rel­ge­le­ri­niň, ru­hy-me­de­ni de­re­je­si­niň beý­le­ki halk­lar­dan ta­pa­wut­ly­ly­gy ha­kyn­da­ky ta­ry­hy-fi­lo­so­fi­ki oý­lan­ma­la­ry­nyň be­ýa­ny­ny özün­de jem­le­ýär. Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­ryh­çy hök­mün­de, fi­lo­sof hök­mün­de, şeý­le hem döw­let gur­ma­gyň, do­lan­dyr­ma­gyň, halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik­li gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­gyň dip­lo­ma­tik ýol­la­ry­ny bil­ýän ba­şar­jaň sy­ýa­sat­çy hök­mün­dä­ki ga­ra­ýyş­la­ry tä­ze ki­ta­byň maz­mu­nyn­dan eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.
Gi­riş­den we iki bap­dan yba­rat bo­lan aja­ýyp eser­de türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň adam­zat me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­na uly orun be­ril­ýär. On­da umu­ma­dam­zat ta­ry­hy­nyň ösüş­le­ri­ne oňaý­ly tä­sir eden kuw­wat­ly türk­men döw­let­le­ri bo­lan Mar­gia­na, Par­fi­ýa, Be­ýik Sel­juk si­wi­li­za­si­ýa­la­ry ba­ra­da­ky bi­ti­ri­len düýp­li iş­ler sel­je­ri­lip, bu sa­na­wyň Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti­niň ga­za­nan be­ýik sep­git­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy, tä­ze ki­ta­byň ta­ry­hy-jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ni has hem ýo­kar­lan­dy­ryp­dyr. Bu mu­kad­des ýer­ler­den baş­la­nyp, türk­me­niň uly ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da gül­läp ösen halk luk­man­çy­ly­gy, ha­ly­çy­lyk, dok­ma­çy­lyk, bi­na­gär­lik, zer­gär­çi­lik se­net­le­ri bo­ýun­ça top­la­nan baý tej­ri­be­le­riň anyk we düýp­li ar­heo­lo­gi­ki mag­lu­mat­lar ar­ka­ly be­ýan edil­me­gi, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik döw­let­di­gi­ni yl­my taý­dan açyp gör­kez­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň ga­dy­my ta­ry­hy­nyň baý mag­lu­mat­la­ry esa­syn­da ýa­zy­lan bu ki­tap­da umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­syn­da uly orun al­ýan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy, te­bi­gy we ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri, mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry ba­ra­da hem giň­den söh­bet edil­ýär.
Giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne aja­ýyp ki­ta­by – hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hyn­dan, asyl­ly dur­mu­şyn­dan söz aç­ýan dür­dä­ne ese­ri sow­gat eden­di­gi üçin Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za tüýs ýü­rek­den çäk­siz al­kyş aýd­ýa­rys.

Gym­mat AB­DY­RAH­MA­NO­WA,
Gök­de­pe et­ra­byn­da­ky 24-nji or­ta mek­de­biň mü­di­ri.