Mawritaniýanyň demirgazyk-günbataryndaky Adrar sebitinde, Wadan şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Rişat gurluşy» Afrikanyň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar. Çöllük ýerde emele gelen göze meňzeş ullakan tegelek görenleri haýran galdyrýar. Diametri 40 kilometre barabar bolan bu tegelek halk arasynda «Saharanyň gözi» ady bilen tanalýar.
Kosmosdan seredeniňde sungat eserine meňzeýän bu äpet gurluş ilkibaşda meteorit krateri hasaplanýardy. Emma soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda göze meňzeş täsinligiň tebigy ýagdaýda emele gelendigi ýüze çykaryldy. Alymlaryň bellemegine görä, magma gatlagy ýerasty çökündileri we gaty jisimleri ýeriň ýüzüne itekläp çykarypdyr. Ýeriň üstünde emele gelen gümmez ýaly belentlik ýel we suw eroziýasynyň täsiri netijesinde aýlaw-aýlaw halka görnüşinde göz şekilli gurluşa öwrülipdir. Şeýlelikde «Saharanyň gözi» emele gelipdir.
Sahara çölündäki bu täsinligiň gurluşy çägeden, ownuk daşlardan we hekden ybarat. Daşarky uly halkalar gaty jisimlerden (hek we daş), içerki kiçijik halkalar bolsa mineral çökündilerden emele gelipdir. Halkara kosmos stansiýasyndan alnan suratlar «Rişat gurluşynyň» gözelligini doly synlamaga mümkinçilik berýär.
Käbir maglumatlarda göze meňzeş bu tegelegiň ir döwürler ýitip giden Atlantis şäheri bolup biljekdigi aýdylýan hem bolsa, esasy deliller «Rişat gurluşynyň» tebigy gözellikdigini tassyklaýar. Sebäbi bu ýerde geçirilen arheologik barlaglarda şähere mahsus hiç bir galyndy tapylmady.
«Saharanyň gözi» ylmy taýdan hem özüne çekiji ýerleriň biridir. Bu ýeriň mineral gatlaklary geçmişdäki howa şertlerini öwrenmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, tegelegiň töwereginden tapylan daş gurallary bu ýerde has irki döwürlerde gadymy halklaryň ýaşandygyny görkezýär.