Alymlaryň çaklamalaryna görä, Ýer ýüzüniň iň çuň we uly ummany bolan Ýuwaş ummany kiçelýär. Awstraliýanyň Kurtin uniwersiteti bilen Hytaýyň Pekin uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglarynda Ýeriň tektoniki plitalary birleşip, planetanyň geografiýasyny üýtgedýär. Geçirilen simulýasiýalarda geljek 200-300 million ýylyň dowamynda Ýuwaş ummany ýapylyp, täze has uly materik emele geler. Bu bolsa, planetanyň gury ýer böleginiň uly böleginden bir yklymyň emele geljekdigini görkezýär. Alymlaryň bellemegine görä, planetamyzyň ýüzündäki gury ýer bölekleri uzak ýyllaryň dowamynda birigip ýa-da aýrylyp bilýär. Mundan millionlarça ýyl ozal uly bölegi günorta ýarym şarda ýerleşýän bir sany materik bolupdyr. Alymlar täze emele geljek yklyma Amerika we Aziýa sözlerinden emele gelen «Amaziýa» diýip at berdiler.
Yslam HALDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.