Habi Alonsonyň topardan gitmeginden soň “Baýer” klubunyň oýunçylary-da başga klublara transfer bolup başlady. Jonatan Tadan soň ýene bir goragçy başga bir kluba transfer boldy. Angliýanyň “Liwerpul” kluby “Bundesliganyň” wise-çempiony “Baýerden” niderland oýunçy Žeremi Frimpongy düzümine goşdy. Iňlis kluby bu transfer üçin Frimpongyň “Baýer” bilen şertnamasynda ýazylgy 35 million ýewrony nemes toparyna berer. 24 ýaşyndaky sag gyraky oýunçy iňlis kluby bilen uzak möhletleýin şertnama gol çekişdi.
Karýerasyna “Mançester Sitiniň” U21 düzüminde başlan Frimpong 1,5 möwsüm “Seltikde” çykyş edip, 2021-nji ýylyň ýanwarynda “Baýeriň” düzüminde goşuldy. Frimpong “Baýerde” 190 oýunda 30 gol geçirdi. Frimpongyň Niderlandlaryň ýygyndysynda-da 12 oýunda 1 goly bar.
Frimpong häzirki wagtda “Liwerpuldaky” 4-nji niderland futbolçy bolar.
“Baýeriň” ýyldyzy Florian Wirtsiň hem ýakyn günlerde klubuny üýtgetmegine garaşylýar. “Liwerpul” topary onuň bilen içgin gyzyklanýar.
Bellik: surat “Liwerpulyň” resmi internet saýtyndan alyndy.