Simone Inzagini Saud Arabystanyna ugradan “Inter” topary täze tälimçisini mälim etdi. Milan şäheriniň wekili ozalky futbolçysy, rumyniýaly Kristian Kiwuny toparyň tälimçiligine belledi. “Inter” topary 44 ýaşyndaky hünärmen bilen 2 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Tälimçilik karýerasyna şu ýyl başlan Kiwu fewralda “Parma” toparynyň tälimçiligine bellenipdi. Topary ligada saklamagy başaran Kiwu futbolçylyk ýyllarynda “Interde” 6 möwsüm oýnady. Ol “Nerazzurrileriň” düzüminde 168 oýunda gezek tapawutlandy. Çep gyraky goragçynyň ornunda oýnan Kiwu “Interden” öň “Roma”, “Aýaks” hem-de ýurdunyň “Uniwersitate Kraiowa” we “Raşisa” klublarynyň köýnekçesini geýipdi.
Foto: “Inter” toparynyň resmi internet saýtyndan alyndy.