Dünýäniň esasy 2 klubunda ýyldyz oýunçylar şikes aldy. “La Liganyň” öňdebaryjy 2 topary, “El Klasikony” emele getirýän klublar bolan “Real Madridiň” 2, “Barselonanyň” 1 ýyldyz oýunçysy şikesi sebäpli möwsümiň galan oýunlarynda meýdança çykyp bilmez.

“Real Madridiň” öz meýdançasynda “Alawesi” 2-1 hasap bilen ýeňen oýnunda şikes alan türkiýeli ýarymgoragçy Arda Güleriň sag aýak budunyň myşsasynyň dartylandygy habar berildi. Arda Güler şu möwsümde 50 duşuşykda meýdança çykyp, 6 gol geçirdi, 14 goluň hem asistini etdi.

Soňky wagtlarda goragda hasam kösençlik çekýän “Real Madridiň” bu ýagdaýy möwsümiň ahyryna çenli öz güýjüni saklajaga meňzeýär. Braziliýaly goragçy Eder Militaonyň hem edil Arda Güler ýaly, ýöne çep aýagyna şikes ýetendigi anyklandy. Şeýlelikde, Militao üçinem möwsüm tamamlandy.

Ýöne begendiriji zat 2 oýunçynyň hem häzirki habarlara görä, Dünýä Kubogyna gatnaşyp biljekdigi, şol wagta çenli gowulaşjakdygy mälim edildi.

“Real Madridiň” köne bäsdeşi, “La Ligada” sanawyň lideri, nobatdaky çempionlygyna gün sanaýan “Barselona” toparynyň hem esasy ýyldyzy – Lamin Ýamalyň-da şikes alandygy habar berildi. Soňky tapgyrda toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goluň awtory bolan Ýamalyň “Selta” bilen bolan oýunda aýagynyň arka myşsasyna zeper ýetipdir. Ýaş futbolçynyň hem möwsümiň galanynda katalonlara kömegi degmez. 18 ýaşyndaky futbolçy şu möwsümde ähli ýaryşlary hasaba alanyňda 45 oýunda 24 gezek tapawutlanyp, 16 sapar hem asist etdi. Ýamalyň hem Dünýä Kubogynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň düzüminde meýdança çykmagyna garaşylýar.