Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň özeninde bolsa ynsan saglygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we döwrebap hyzmatlardan peýdalanmak hukugy durýar.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylmagynyň aýdyň miwesidir.
Saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berilýär. Germaniýa, Russiýa, Hytaý ýaly ösen döwletleriň lukmançylyk edaralary, lukmançylyk ylmy ojaklary bilen işjeň gatnaşyklar ýola goýulýar. Muňa ýaňy-ýakynda Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň saparynyň dowamynda ýurdumyzyň baýry lukmançylyk bilim ojagynda Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy hem aýdyň subutnamadyr. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda täze açylan Adaty däl lukmançylyk otagy ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagy häzirki wagtda giňden ýaýran lukmançylyk ugurlarynyň biridir. Adaty däl lukmançylyk – bu häzirki zaman ylmy lukmançylygynyň çäklerinden daşary çykýan, köp asyrlyk tejribelere we tebigy usullara esaslanýan bejeriş ulgamydyr. Köp adamlar ony «halk lukmançylygy» diýip hem atlandyrýarlar. Adaty däl lukmançylyk gaty giň we dürli-dürlüdir. Olaryň biri fitobejergi (ösümlikler otlary bilen bejermek) bolup, bu usul dermanlyk ösümlikleri arkaly dertlere derman tapmagy aňladýar. Güneşli Diýarymyzda bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby lukmanlar üçin uly gollanmadyr.
Şeýle hem adaty däl lukmançylykda gündogar lukmançylygyndan gelen bu usul, bedeniň belli bir nokatlaryna ýörite iňňeleri sançmak arkaly energiýa akymyny kadalaşdyrmaga kömek edýän akupunktura (iňňe bilen bejergi) ugrudyr. Ol, esasan, nerw ulgamy we agyrylary aýyrmak üçin ulanylýar.
Umuman, hytaýly lukmanlaryň gatnaşmagynda häzirki döwürde Awstraliýada, Russiýada, ABŞ-da, Germaniýada Adaty däl lukmançylyk merkezleriniň açylmagy, bu sanawa Türkmenistanyň hem goşulmagy ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga, bejerişiň ähmiýetli ugurlaryny peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirilýändiginiň subutnamasy bolup, türkmen-hytaý saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan möhüm wakalaryň biridir.
Türkmenistan Watanymyzda raýatlaryň eşretli, bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamaklary, esasan hem, ýaş nesillerimiziň sagdyn kemala gelmekleri, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri babatda döredip berýän ähli şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Jahangözel MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň mugallymy.
PDF









