Türkmenistan dünýäniň iri tebigy gaz gorlaryna baý ýurtlaryň biri hökmünde nebitgaz senagatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudak milli ykdysadyýetiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Döwlet tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalar netijesinde täze gaz ýataklary özleşdirilýär, häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylýar we halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.
Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri tebigy gazyň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly eksportyny üpjün etmekdir. Bu babatda türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygy aýratyn orun eýeleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly sütüni bolup hyzmat edýär. Şu ýyl türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýar. Bu şanly sene diňe bir ykdysady bähbitleriň däl, eýsem, iki dostlukly halkyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dabaralanmasydyr.
Gysga möhletde durmuşa geçirilen Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi häzirki zaman dünýäsiniň iň iri we ähmiýetli energetika taslamalarynyň biri hökmünde taryha girdi. Bu «energetika ýoly» diňe bir Hytaýyň ykdysady ösüşine goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Aziýa sebitiniň energetika howpsuzlygynyň kepiline öwrüldi.
2026-njy ýylyň martyna çenli Türkmenistandan Hytaýa iberilen «mawy ýangyjyň» umumy möçberi 460 milliard kub metrden gowrak boldy. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Galkynyş käniniň ähmiýeti barada aýdylanda, dünýäniň iň iri gury ýer gaz känleriniň biri bolan «Galkynyşyň» tapgyrlaýyn özleşdirilmegi bu hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Häzirki wagtda taraplar hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna – «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna aýratyn üns berýärler. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen gazynyň Hytaýa eksportyny ýyllyk 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer.
«Türkmengaz» döwlet konserni tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaýyň «СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara hem gol çekdi.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe bir çig mal eksport edilmän, eýsem, tehnologiýalar alşylýar we ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylýar. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen hyzmatdaşlykda ýaş türkmen hünärmenleri döwrebap tehnologiýalary özleşdirýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, pudakda innowasiýalar we sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.
20 ýyllyk ýol diňe başlangyçdyr. Türkmenistan we Hytaý tarapyndan gurlan bu «energetika köprüsi» geljekde hem durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ykdysady rowaçlygyň ygtybarly binýady bolup galar.
Güljeren Babaýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









