Türkmenistan häzirki wagtda diňe bir ykdysady däl, ekologiýa taýdan hem durnukly ösýän döwlete öwrülýär. Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly ulanmak ugrundaky tagallalary halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu syýasatyň özeninde «Tebigaty aýawly saklamak geljekki nesillere goýulýan iň uly mirasdyr» diýen ýörelge ýatyr.
Döwletimiziň ekologiýa strategiýasy ulgamlaýyn häsiýete eýedir. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasy we Milli tokaý maksatnamasy bu ugruň esasy sütünleridir. Şeýle hem ýurdumyzda kabul edilen täze kanunlar we kadalaşdyryjy namalar daşky gurşawa zyýanly täsirleri azaltmaga we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sebitiň ekologiýa meselelerini çözmek boýunça halkara ähmiýetli başlangyçlar taýýarlanyp, öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek. Türkmenistan howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ugurda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda millionlarça agaç nahallaryny oturtmak asylly däbe öwrüldi. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda döredilýän tokaý zolaklary howanyň arassalanmagyna hyzmat edýär, tozanly ýelleriň öňüni alýar. Ýerli mikroklimatyň durnuklylygyny saklaýar.
Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamalarynyň işjeň agzasydyr. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny saklamak, Aral deňziniň sebitindäki ýagdaýlary gowulandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky başlangyçlar dünýä derejesinde goldanylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegi özüniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Ekologiýa syýasaty diňe bir bag ekmek däl, eýsem, önümçilikde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak, suwy tygşytly sarp etmek we tebigat bilen ylalaşykda ýaşamak medeniýetini kemala getirmekdir. Bu bolsa ýurdumyzyň diňe bir şu gününe däl, eýsem, nurana geljegine hem kepil geçýär.
Oguljan AŞYROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









