Tebigy täsinlik

Dün­ýä­de tä­sin te­bi­gat­ly ýer­le­riň sa­na­wyn­da ABŞ-nyň ak çä­ge­li meý­dany köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Nýu-Mek­si­ko şta­ty­nyň Ala­mo­gor­do şä­he­rin­den, tak­my­nan, 25 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän ak çä­ge­li de­pe­ler Çiuaua çö­lü­niň bir bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. 601 ine­dör­dül ki­lo­me­tr­lik meý­da­ny tut­ýan gips­den eme­le ge­len bu gö­zel­lik Perm döw­rü­ne (250 mil­li­on ýyl mun­dan ozal) de­giş­li edil­ýär. Şol dö­wür­ler bu ýer­de de­ňiz bo­lup, gu­ran­dan soň­ra düý­bün­de gips (kal­siý sul­fa­ty) ga­lyn­dy­la­ry ýü­ze çy­kyp­dyr. Ýa­gyş-ýag­my­ryň gip­si ak­dy­ryp äkit­me­gi ne­ti­je­sin­de bol­sa, Tu­la­ro­sa bas­seý­nin­de (Ote­ro we Lu­se­ro kö­li, der­ýa­lar we ot­luk­lar) çö­kün­di­ler top­la­nyp, kris­tal bö­le­jik­ler çä­gä ga­ry­şyp­dyr. Ir­ki ýyl­lar­da (10 müň ýyl mun­dan ozal) kö­lüň tö­we­re­gin­de paleo-indeýleriň we ma­mont­la­ryň ýa­şan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da k­li­ma­tyň aşa gyz­ma­gy ne­ti­je­sin­de köl­ler gu­rap, ak çä­ge­li meý­dan eme­le ge­lip­dir.
Kal­siý sul­fa­ty esas­ly gum kris­tal­la­ryn­dan dü­zü­len gips Gü­nüň dog­ma­gy bi­len şöh­le sa­çyp baş­la­ýar. Tä­sin ýe­ri, ak kris­tal bö­le­jik­ler Gün şöh­lesini yza ser­pik­di­rip, çä­ge ýa­ly ga­ty gyz­ma­ýar. Şol se­bäp­li ak çä­ge­li meý­dan­da tom­suň jok­ra­ma ys­sy­syn­da hem ar­ka­ýyn aýak­ýa­la­ňaç ýö­räp bol­ýar.
ABŞ-nyň ak çä­ge­li mil­li se­ýil­gähin­de 600-den gow­rak oňur­ga­syz jan­dar, ösüm­likleriň 300, guşlaryň 250, süý­dem­di­ri­jileriň 50, süý­re­ni­jileriň 30, am­fi­bi­ýanyň 7 we ba­lygyň 1 gör­nü­şi ýa­şa­ýar. Şo­la­ryň 45 gör­nü­şi en­de­mik jan­dar­lar­dyr. Se­ýil­gäh­dä­ki aga­wa meň­zeş gül aç­ýan ösüm­lik ak çä­ge­le­riň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Mil­li se­ýil­gäh­de gem­ri­ji­le­riň, tow­şan, til­ki, ka­ýot we kir­pi ýaly jan­dar­la­ryň köpüsi ak reňk­de bol­ýar.
Mil­li se­ýil­gäh­de 18 met­re çen­li be­ýik­lik­dä­ki ak de­pe­ler bar. ABŞ-nyň ak çä­ge­li mil­li se­ýil­gä­hi­ne her ýyl 600 müň­den gow­rak sy­ýa­hat­çy bar­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, se­ýil­gäh­de 4,5 mil­liard ton­na gips çä­ge­si sak­lan­ýar. ABŞ-nyň ak çä­ge­li mil­li se­ýil­gä­hin­de «Ýer ýü­zü­ne dü­şen adam» (1976 ý.), «Ak gum­lar» (1992 ý.) we «Trans­for­mer­ler» (2007 ý.)
ýa­ly bir­nä­çe film hem su­ra­ta dü­şü­ril­di.