Ýagyşly gün ýolda ýöräp barýarkaň owunjak gurçuklaryň topragyň ýüzüne ýa-da ýanýodanyň üstüne çykandygyny görmek bolýar. Köpler bu ýagdaýy ýagyş gurçugy suwa gark bolup, ýokary çykandyr diýip pikir edýär. Emma ylymda muňa başgaçarak düşündiriş berilýär.
Ýagyş gurçugynyň öz ýaşaýan ýerini – topragy taşlap gury ýere çykmagynyň esasy sebäbi iýmit gözlemek hem-de ýagyndaky kislota böleklerinden halas bolmak diýlip düşündirilýär. Gurçugyň öýkeni bolmansoň, derisinden dem alýar. Gurçuklar Ýeriň aşagynda-da, açyk howada we suwda-da dem alyp bilýärler. Alymlaryň pikiriçe, ýagyş gurçugy suwuň içinde bir ýyla çenli ýaşap hem bilýär. Diýmek, ýagyş gurçugynyň ýagyşly günler Ýeriň ýüzüne çykmagynyň sebäbi gark bolmak ýa-da suwuň içinde dem alyp bilmezlik bilen bagly däl.
Başga bir ylmy garaýşa görä, ýagyş damjalary topragyň üstüne düşende urýan ýaly yrgyldy döredýär. Ýagyş gurçuklary bu ýagdaýy howply duýduryş hökmünde kabul edip, topragyň ýüzüne çykýarlar. Alymlaryň ýene bir topary bolsa bu ýagdaýy ýagyş suwundaky himiki maddalar we kislota bilen baglanyşdyrýarlar. Ýagyş gurçugy zyýanly maddalaryň täsirinden gaçyp, mejbury ýeriň ýüzüne çykmaly bolýar.
Halk arasynda ýaýran garaýşa görä, inçejik gyzyl gurçuklar ýagyş ýaganda, ýagny toprak yzgarly bolanda aňsatlyk bilen hereket edip bilýärler. Ýagşyň ýagmagy ýa-da suw basmagy ýagyş gurçugynyň täze iýmit çeşmesini tapmagyna, amatly ýaşaýyş ýerine göçmegine we jübütleşmegine oňaýly şert döredýär. Umuman, ýagyş gurçugynyň täsin hereketleri irki ýyllardan bäri alymlar tarapyndan öwrenilýär.
PDF









