Ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjy bolan atlarymyzyň kanun esasynda goralmagy, atçylygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanýandygynyň, döwletimiziň olary gorap saklamak babatda halkara şertnamalara ygrarlydygynyň we olaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi halkara giňişlikde uly gyzyklanma eýe boldy. Şu mynasybetli goňşy we alysdaky ýurtlarda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän ýylyň şygaryny wagyz etmek, behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi – halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem ahalteke atlarynyň halklaryň arasynda dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyň görkezdi.
«Gündogaryň merjeni» bäsleşiklerine ýurdumyzdan gatnaşan ahalteke bedewleri üstünlikli çykyş edip, «Aziýanyň çempiony» we «Dünýäniň çempiony» diýen hormatly atlara, beýleki baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny ýene-de bir gezek beýgelden şanly wakalar Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda hem-de Beýik Britaniýanyň meşhur Windzor galasynda bolup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu iki waka gatnaşmagy ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan asylly başlangyçlaryň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny, milli atçylyk sungatyny dünýä derejesinde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Kazan şäherinde geçirilen şu gezekki at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyny görkezmekleri hem munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň «At – myrat» diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny bellemeginiň özi hem ahalteke bedewlerine dünýäde uly hormat-sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşygynda Windzor galasynda geçirilýän halkara atly çäreleriň taryhy, onuň Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II başlangyjy bilen geçirilip gelinýändigi, 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II sowgat berlendigi baradaky beren taryhy gürrüňleriniň Patyşa maşgalasynda uly tolgunma döretmegi türkmen-britan gatnaşyklarynyň atçylyk pudagynda hem taryhy aýrylmaz baglanyşygynyň bardygyny görkezdi.
Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň biri bolan Beýik Britaniýada atçylygyň we atly sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde dürli tohumdaky atlaryň arasynda atly sportuň görnüşleri boýunça halkara bäsleşikler, at çapyşyklary guralýar. Munuň özi atly sportuň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir.
Abraýly halkara atly sport baýramçylygynyň guralýan ýerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanýan ýurdumyzda atly sport sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Şunda türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň halkara derejede geçirilýän atly sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandygyny bellemek gerek.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek 2026-njy ýylyň şygarynyň milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly bolmagy ýurdumyzyň her bir raýatynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Çünki ahalteke atlaryna söýgi-buýsanç halkymyz tarapyndan asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän milli aýratynlygymyzdyr.
Mahym ÇETIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









