AŞ­GA­BAT – AZI­ÝA­NYŇ MER­JE­NI

1

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň döwrebap, abadan, asuda, erkana ýaşamagy barada uly alada edilýär. Türkmen halkynyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň türkmen nusgasynyň, milli däpleriň we umumadamzat gymmatlyklarynyň, aýratyn hem adam we raýat hukuklarynyň, azatlyklarynyň erkin amala aşyrylmagynyň, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgäniň hakykata öwrülýändigini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolup geçýän wakalarda hem görmek bolýar.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymyzyň ta­ry­hy baş­lan­gyç­la­ry bi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri dün­ýä ýaý­mak, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim, me­de­ni mer­ke­zi hök­mün­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň or­nu­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, se­bit­de iri yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze hem-de Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri­ne öw­rü­len paý­tag­ty­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, 2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni dö­re­dil­di. Şol wagt­dan bä­ri hem her ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni hem-de ýur­du­my­zyň ak mek­dep­le­ri­ni ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ryň «Soň­ky jaň» da­ba­ra­sy uly ru­hu­be­lent­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 24-nji mad­da­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri­dir» diý­lip bel­le­nil­me­gi bilen ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, do­lan­dy­ryş, yl­my we me­de­ni mer­ke­zi bo­lup dur­ýan Aş­ga­bat şä­he­ri­niň kons­ti­tu­si­on hu­kuk esas­la­ry, şeý­le hem 2016-njy ýy­lyň
26-njy mar­tyn­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny bi­len ka­nun­çy­lyk esas­la­ry ber­ki­dil­ýär. Bu Ka­nun paý­tag­ty­my­zyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny kes­git­läp, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň we­zi­pe­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gy­nyň hu­kuk, gu­ra­ma­çy­lyk we yk­dy­sa­dy şert­le­ri­ni ber­kid­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da paý­tag­ty­myz Gah­ry­man Arkadagymyzyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de aja­ýyp keş­be eýe bol­ýar. Aşgabat hal­ky­my­zyň göz gu­wan­jy, ýü­rek joş­gu­ny bol­mak bi­len, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
2013-nji ýy­lyň 25-nji ma­ýyn­da ak mer­mer bi­len ör­tü­len bi­na­la­ryň jem­le­nen şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň orun alan­dy­gy­ny, şeý­le hem paý­tag­ty­my­zyň 2020-nji ýyl­da Sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň Bü­tin­dün­ýä fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edi­len­di­gi­ni, 2023-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça gi­ri­zi­len­di­gi­ni, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň 2024-nji ýy­lyň 24-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky mej­li­sin­de Aş­ga­badyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edi­len­di­gi­ni, bu­lar­dan baş­ga-da gö­zel paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän en­çe­me bi­na­la­ryň dür­li ýyl­lar­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­läp geç­mek has-da ýa­kym­ly.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň se­bit­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze, hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň, ser­gi­le­riň, sport bäs­le­şik­le­riniň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. 2025-nji ýy­lyň jem­le­ri bo­ýun­ça paýtagtymyzda 190 sa­ny mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­sy­, 160 sa­ny umu­my bi­lim we mek­dep­den da­şa­ry eda­ra­sy,
21 sa­ny sport mek­de­bi­, 22 sa­ny ýo­ka­ry hü­när bi­lim eda­ra­sy­, 17 sa­ny or­ta hü­när bi­li­m eda­ra­sy­, 25 sa­ny ki­tap­ha­na, 6 sa­ny teatr, 4 sa­ny mu­zeý we 10 sa­ny me­de­ni­ýet öýi he­re­ket ed­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gyn­da, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze has iç­gin dü­şün­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat hal­ka­ra çä­re­le­ri­niň, mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne, sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän şä­he­re öw­rül­di. Aş­ga­bat şä­he­rin­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler sa­nar­dan köp­dür. Ola­ryň ha­ta­ryn­da myh­man­ha­na­la­ryň, söw­da we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, döw­re­bap ulag­la­ryň he­re­ket et­me­gi, türk­men mil­li gymmatlyklaryny syn­la­mak üçin ýö­ri­te bi­na­la­ryň, des­ga­la­ryň, mun­dan baş­ga-da sy­ýa­hat et­mek üçin bir­nä­çe ýer­le­riň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­mek bo­lar. Aş­ga­batda gur­lan bi­na­lar, dö­re­di­len ýa­şyl zo­lak­lar, bag­lar, owa­dan we giň, aras­sa kö­çe­ler şä­he­ri­mi­ziň gör­kü­ne görk goş­ýar. Paý­tag­ty­my­zyň ba­har gül­le­ri­ne bes­le­nip otu­ran gün­diz­le­ri, müň dür­li öw­şün at­ýan owa­dan gi­je­le­ri, gür bag­ly­ga bü­re­nip otu­ran keş­bi yn­san kal­by­ny gö­zel­li­ge bes­le­ýär.
2022-nji ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly gol­da­wy we oňa go­şan go­şan­dy üçin de­giş­li hal­ka­ra gü­wä­na­ma ber­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge äh­mi­ýet be­r­ýän­di­gi­ni, bu ugur­da go­şu­lan hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny, 2030-njy
ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da Gün ter­ti­bi­niň me­se­le­le­ri­ni amal et­mek­de bi­tir­ýän iş­le­ri­niň no­bat­da­ky yk­rar­na­ma­sy bo­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
Hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi, toý­la­ry­ny ulu­dan toý­la­ma­gy üçin şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri dö­red­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze gö­zel paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň al­kyş­la­ry çäk­siz­dir.

Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.