Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda halkymyzyň döwrebap, abadan, asuda, erkana ýaşamagy barada uly alada edilýär. Türkmen halkynyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, türkmen döwletiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň türkmen nusgasynyň, milli däpleriň we umumadamzat gymmatlyklarynyň, aýratyn hem adam we raýat hukuklarynyň, azatlyklarynyň erkin amala aşyrylmagynyň, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip ykrar edilen binýatlaýyn ýörelgäniň hakykata öwrülýändigini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolup geçýän wakalarda hem görmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni döredildi. Şol wagtdan bäri hem her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de ýurdumyzyň ak mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasy uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip bellenilmegi bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýan Aşgabat şäheriniň konstitusion hukuk esaslary, şeýle hem 2016-njy ýylyň
26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kanunçylyk esaslary berkidilýär. Bu Kanun paýtagtymyzyň hukuk ýagdaýyny kesgitläp, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär.
Häzirki wagtda paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde ajaýyp keşbe eýe bolýar. Aşgabat halkymyzyň göz guwanjy, ýürek joşguny bolmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda paýtagtymyz Aşgabadyň orun alandygyny, şeýle hem paýtagtymyzyň 2020-nji ýylda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigini, 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilendigini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigini, bulardan başga-da gözel paýtagtymyzda ýerleşýän ençeme binalaryň dürli ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek has-da ýakymly.
Aşgabat şäheriniň sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýerine öwrülendigi bellenilmäge mynasypdyr. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça paýtagtymyzda 190 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 160 sany umumy bilim we mekdepden daşary edarasy,
21 sany sport mekdebi, 22 sany ýokary hünär bilim edarasy, 17 sany orta hünär bilim edarasy, 25 sany kitaphana, 6 sany teatr, 4 sany muzeý we 10 sany medeniýet öýi hereket edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagynda, milli medeniýetimize has içgin düşünmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Häzirki wagtda Aşgabat halkara çäreleriniň, maslahatlaryň geçirilýän ýerine, syýahatçylary özüne çekýän şähere öwrüldi. Aşgabat şäherinde syýahatçylygy ösdürmek ugrunda ýerine ýetirilen işler sanardan köpdür. Olaryň hatarynda myhmanhanalaryň, söwda we dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, döwrebap ulaglaryň hereket etmegi, türkmen milli gymmatlyklaryny synlamak üçin ýörite binalaryň, desgalaryň, mundan başga-da syýahat etmek üçin birnäçe ýerleriň bardygyny belläp geçmek bolar. Aşgabatda gurlan binalar, döredilen ýaşyl zolaklar, baglar, owadan we giň, arassa köçeler şäherimiziň görküne görk goşýar. Paýtagtymyzyň bahar güllerine beslenip oturan gündizleri, müň dürli öwşün atýan owadan gijeleri, gür baglyga bürenip oturan keşbi ynsan kalbyny gözellige besleýär.
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin degişli halkara güwänama berlendigini bellemek gerek. Bu bolsa Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny berkitmäge ähmiýet berýändigini, bu ugurda goşulan halkara resminamalaryna ygrarlydygyny, 2030-njy
ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň meselelerini amal etmekde bitirýän işleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolandygyny alamatlandyrýar.
Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, toýlaryny uludan toýlamagy üçin şeýle mümkinçilikleri we şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize gözel paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň alkyşlary çäksizdir.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
PDF









