Dünýäniň iň uly suw giňişligi bolan Ýuwaş ummanynda ençeme asyrlardan bäri alymlary haýran galdyrýan Mariana çöketligi ýerleşýär. Ýer ýüzüniň iň pes nokady hasaplanýan bu çöketlik dünýäniň iň beýik dag gerşi bolan Ewerest dagyny hem gizläp bilýär. Ýagtylygyň ýetmeýän ýeri bolan Mariana çöketligi dünýäniň syrly ýerleriniň biri hasaplanýar. Ýarym Aý şekilli çöketligiň uzynlygy, takmynan, 2 müň 550 kilometre, ini bolsa 69 kilometre barabar. Başgaça «Çallenjer çuňlugy» hem diýilýän bu çöketligiň çuňlugy 10 müň 994 metr töweregi diýlip çaklanylýar.
Mariana çöketligi ilkinji gezek 1875-nji ýylda Beýik Britaniýanyň «HMS Challenger» ylmy-barlag gämisi tarapyndan lot ölçeg usuly arkaly ýüze çykaryldy. Gäminiň ady soňlugy bilen taryhda «Çallenjer çuňlugy» diýlip atlandyryldy. 1960-njy ýylda Žak Pikard bilen Don Uolş çöketlige giren ilkinji adamlar boldular. 2012-nji ýylda režissýor Jeýms Kemeron şol bir syýahaty bir adamlyk suwasty gämide amala aşyrdy. 2019-njy ýylda bolsa Wiktor Weskowo 10 müň 928 metre ýetip, iň çuň aralyga çümmegi başardy.
Mariana çöketliginde suwuň basyşy ýerüsti atmosfera basyşyndan, takmynan, müň esse ýokarydyr. Bu çuňlukda Gün şöhlesi doly ýitip gidýär we suwuň temperaturasy doňmak derejesinden birneme ýokary bolýar. Muňa garamazdan, çöketlikde agyr ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşan açyk bedenli balyklar, bir öýjükli organizmler we leňňeç şekilliler ýaşaýar.
PDF









