Ýu­waş um­ma­­nyň syr­ly çö­ket­li­gi

0

Dün­ýä­niň iň uly suw gi­ňiş­li­gi bo­lan Ýu­waş um­ma­nyn­da en­çe­me asyr­lar­dan bä­ri alym­la­ry haý­ran gal­dy­rýan Ma­ria­na çö­ket­li­gi ýer­leş­ýär. Ýer ýü­zü­niň iň pes no­ka­dy ha­sap­lan­ýan bu çö­ket­lik dün­ýä­niň iň be­ýik dag ger­şi bo­lan Ewe­rest da­gy­ny hem giz­läp bil­ýär. Ýag­ty­ly­gyň ýet­me­ýän ýe­ri bo­lan Ma­ria­na çö­ket­li­gi dün­ýä­niň syr­ly ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýa­rym Aý şe­kil­li çö­ket­li­giň uzyn­ly­gy, tak­my­nan, 2 müň 550 ki­lo­met­re, ini bol­sa 69 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Baş­ga­ça «Çal­len­jer çuň­lu­gy» hem di­ýil­ýän bu çö­ket­li­giň çuňlugy 10 müň 994 metr tö­we­re­gi diý­lip çak­la­nyl­ýar.
Ma­ria­na çö­ket­li­gi il­kin­ji ge­zek 1875-nji ýyl­da Beýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «HMS Chal­len­ger» yl­my-bar­lag gä­mi­si ta­ra­pyn­dan lot öl­çeg usu­ly ar­ka­ly ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Gä­mi­niň ady soň­lu­gy bi­len ta­ryh­da «Çal­len­jer çuň­lu­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. 1960-njy ýyl­da Žak Pi­kard bi­len Don Uolş çö­ket­li­ge gi­ren il­kin­ji adam­lar bol­du­lar. 2012-nji ýyl­da re­žiss­ýor Jeýms Ke­me­ron şol bir sy­ýa­ha­ty bir adam­lyk su­was­ty gä­mi­de ama­la aşyr­dy. 2019-njy ýyl­da bol­sa Wik­tor Wes­ko­wo 10 müň 928 met­re ýe­tip, iň çuň ara­ly­ga çüm­me­gi ba­şar­dy.
Ma­ria­na çö­ket­li­gin­de su­wuň ba­sy­şy ýe­rüs­ti at­mos­fe­ra ba­sy­şyn­dan, tak­my­nan, müň es­se ýo­ka­ry­dyr. Bu çuň­luk­da Gün şöh­le­si do­ly ýi­tip gid­ýär we su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy doň­mak de­re­je­sin­den bir­ne­me ýo­ka­ry bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, çö­ket­lik­de agyr ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ne uý­gun­la­şan açyk be­den­li ba­lyk­lar, bir öý­jük­li or­ga­nizm­ler we leň­ňeç şe­kil­li­ler ýa­şa­ýar.