Fransiýany hem-de Mbappeni durzup bolanok

12

Final duşuşygynyň oýnaljak stadionynda Fransiýanyň ýygyndysy bilen Şwesiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Fransuzlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýna Niderlandlardan Danni Makkeli eminlik edip, oýna 80 663 tomaşaçy gatnaşdy we bu çempionatdaky tomaşaçylaryň sany şu duşuşykda 5 milliondan geçdi.

3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Fransiýanyň gollarynyň 2-sini Kilian Mbappe öz adyna ýazdyrdy. Ýyldyz oýunçy duşuşygyň 45-nji hem-de 74-nji minutlarynda tapawutlandy. Beýleki goly bolsa 53-nji minutda Bredli Barkola derwezä girizdi. Duşuşykda 2 gezek tapawutlanan Mbappeniň Dünýä Kubogynyň çäginde geçiren gollarynyň sany 18 duşuşykda 18-e ýetdi. Ol 7-nji gezek 2 we 2-den köp gol geçirip, bu ugurda öz rekordyny täzeledi.

Şeýle-de, Fransiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynda yzly-yzyna 4 oýunda ýeňiş gazanyp, olaryň soňky sapar 1998-nji ýylda şeýle statistikasy hasaba alnypdy. Fransiýanyň ýygyndysy bassyr 5 duşuşykda 3 we 3-den köp gol geçiren ilkinji topar boldy. Didie Deşam pleý-off oýunlarynda 9-njy ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda 2 goluň pasyny beren Maýkl Oliseniň şu çempionatdaky asistleriniň sany 5-e ýetdi. Bu görkeziji 1994-nji ýyldna bäri hasaba alnan iň ýokary netijedir.

Fransiýanyň indiki tapgyrdaky garşydaşy Paragwaý bolup, iki topar mundan öň 5 gezek gabatlaşdylar. Şolaryň 3-sinde fransuzlar ýeňiş gazanyp, 2 oýun deňlikde gutardy. Iki topar 1998-nji ýylda-da 1/8 finalda duşuşyp, Fransiýa Loran Blanyň “Altyn goly” bilen utupdy.